Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýaş diplomatlar üçin okuw maslahaty geçirildi

23:5809.10.2018
0
3207

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň ýaş diplomatlary üçin okuw maslahaty geçirildi. Onda esasy lektor hökmünde Awstriýa Respublikasynyň Wena Diplomatiýa akademiýasynyň professory Markus Kornprobst çykyş etdi.

Okuw maslahatynyň başynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory hem-de Awstriýanyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gerhard Saýller gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Maslahat okuw we tejribe sapaklaryny öz içine alyp, diplomatiýada parahatçylygyň we abadançylygyň orny olaryň esasy temasy boldy.

Okuw maslahatynyň barşynda oňa gatnaşyjylaryň arasynda pikir alyşmalar boldy, soňra professor Markus Kornprobst diňleýjileri gyzyklandyrýan sowallara jogap berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň