Soňky habarlar

Archive news

Ahal welaýat häkimliginde türkmen obalaryny ösdürmäge bagyşlanan maslahat geçirildi

08:4415.09.2018
0
8460
Ahal welaýat häkimliginde türkmen obalaryny ösdürmäge bagyşlanan maslahat geçirildi

14-nji sentýabrda Ahal welaýatynyň häkimliginde sebiti ösdürmek, durmuş syýasaty ulgamyndaky wezipeleri çözmek hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamalaryny amala aşyrmak meseleleri boýunça maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Serdar Berdimuhamedow, welaýatyň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri, jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň esasy maksatlaryna ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu toplumlaýyn maksatnamanyň esasy ugurlary hassahanalary, saglyk öýlerini we merkezlerini, çagalar baglaryny, orta mekdepleri, medeniýet öýlerini, sport mekdeplerini we sport desgalaryny, şeýle hem suw geçiriji, lagym ulgamlaryny, awtomobil ýollaryny, gaz geçirijileri, elektrik geçiriji hem-de aragatnaşyk ulgamlaryny birleşdirýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy onuň möhüm bölegi bolup durýar.

Maslahatda şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde göz öňünde tutulan ulgamlaýyn çäreleriň ýerine ýetirilişiniň barşyna garaldy, Ahal welaýatynyň durmuş ulgamyndaky işleriň ýagdaýy seljerildi, şeýle hem ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, bu sebitde durmuş maksatly desgalaryň köp sanlysyny we oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny özünde jemleýän täze obalary gurmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, täze döwrebap obalaryň çäklerinde dürli binalary we desgalary gurmak, zähmet bazaryny, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly bolan ykdysady gurşawy kemala getirmek, işewür hem-de hojalyk başlangyçlaryny öňe sürmek, ýokary hünärli hünärmenleri çekmek bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi.

Mejlisiň deputaty Serdar Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar bilen tanyşdy we olara degişli üýtgetmeleri girizdi. Parlamentariniň belleýşi ýaly, oba ýerlerinde gurulýan ýaşaýyş jaýlary hil hem-de oňaýlylyk babatda halkara ölçeglere, oba ýaşaýjylarynyň durmuşynyň talaplaryna laýyk gelmelidir.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň