Soňky habarlar

Arhiw

The Telegraph Merwi Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky taryhy binalaryň 10-lugyna goşdy

18:2113.09.2018
0
1930

Türkmen taryhynyň hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň taryhynyň ululi-kiçili wakalaryna baý Gadymy Merw Beýik Britaniýanyň The Telegraph neşiriniň bu ýoluň ugry boýunça düzen ýadygärlikler sanawynyä ilkinji 10-lugyna girdi. Eýrandan Şiraz, Gazagystandan Almaty, Gyrgyzystandan Oş, Täjigistandan Penjikent, Hytaýdan Sian, Özbegistandan Hywa, Buhara, Samarkand, Mongoliňaýadan Orhon derýasynyň ýakasyndaky gadymy medeniýet ýaly ýadygärliklere orun berlen sanawda Merwiň ilkinjileriň hatarynda agzalmagy guwandyryjydyr.
Neşirde-de nygtalşy ýaly, bu sebitler biziň eýýamymyzyň başynda gülläp ösen Margiana medeniýetiniň esasy merkezi bolupdyr. Şol bir wagtyň özünde Gadymy Merw dünýä medeniýetiniň gymmatly mekanlarynyň biridir. Neşirde çap edilen Gadymy Merw baradaky ýazgylarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndan hem käbir setirlere salgylanylypdyr. Şeýle hem makalada Gadymy Merwiň ÝUNESKO tarapyndan goralýandygy hem aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň