Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan özara ylalaşyklaryň uly toplumyna gol çekişdiler

22:4523.08.2018
0
5911

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň “Seljuk han” zalynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Dabaranyň dowamynda Aşgabat we Bişkek şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen Bişkek şäheriniň merliginiň arasynda Ylalaşyga;Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Gyrgyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumat we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda film öndürmek we teleradiogepleşikler babatda bilelikde hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Döwlet bellige alyş gullugynyň ýanyndaky Arhiw agentliginiň arasynda 2018 — 2020-nji ýyllarda arhiw işi boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama; 2015-nji ýylyň 5-nji awgustynda Bişkek şäherinde gol çekilen “Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Oba hojalyk, azyk senagaty we meliorasiýa ministrliginiň arasynda oba hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň” çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna;Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ýörelgeleri boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2019-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna;Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga;Girdeji üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.
Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sooronbaý Žeenbekow Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk, dostlugy we ynanyşmagy pugtalandyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň