CAFA-nyň ýaryşynda ikinji tapgyryň duşuşyklary geçirildi

15:1425.07.2018
0
4592

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U15) Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA) ýaryşynyň ikinji tapgyrynda Eýranyň ýygyndysy bilen duşuşdy — diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty (tff.com.tm) habar berýär.
Eýranyň ýygyndysynyň doly artykmaçlygynda geçen bu duşuşyk 5:0 hasabynda tamamlandy. Ýeri gelende aýtsak, geçirilen iki tapgyrdan soň alty utukdan toplan Özbegistanyň hem-de Eýranyň ýygyndylary ýaryş tertibinde ilkinji iki orny eýeleýärler.
 Ýetginjekler ýygyndymyz çempionatdaky üçünji duşuşygynda 26-njy iýulda Täjigistanyň ýygyndysy bilen duşuşar.
22-30-njy iýul aralygynda geçirilýän ýaryşda ýetginjekler ýygyndylarynyň altysy (Türkmenistan, Özbegistan, Eýran, Täjigistan, Gyrgyz Respublikasy, Owganystan) gatnaşýar.

2-nji tapgyryň netijeleri:

Özbegistan – Täjigistan – 3:0
TÜRKMENISTAN – Eýran – 0:5
Owganystan – Gyrgyz Respublikasy – 2:1

 
3-nji tapgyr

26-njy iýul (penşenbe)

Täjigistan – TÜRKMENISTAN. Milli stadion
Özbegistan – Gyrgyz Respublikasy. Ulaglar institutynyň stadiony
Eýran – Owganystan. Milli stadion

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň