Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

10:5324.07.2018
0
4982

23-nji iýulda Aşgabatda geçirilen maslahatyň esasy meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň öňünde durýan möhüm wezipeler boldy. Täze institut Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyny birleşdirmegiň esasynda döredildi.
Ählumumy ösüşiň döwründe döwletliligiň milli tejribesiniň üstünlikli bolmagyny ylmy esasda öwrenmegiň möhümdigini bellemek bilen, çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze instituty döretmek hakynda kabul eden çözgüdiniň wajypdygyny bellediler. Institutyň işgärleriniň üstüne toplumlaýyn ylmy-barlag işlerini geçirmek, öňdebaryjy hukuk ulanyş tejribesini öwrenmek, döwleti öwreniş, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak we kanunçylygy kämilleşdirmek babatda seljeriş we maglumat synlaryny taýýarlamak, şeýle hem adam hukuklary babatda milli maksatnamalary we meýilnamalary amala aşyrmak boýunça jogapkärli wezipe ýüklenildi.
Täze ylmy edaranyň köpugurly işi dünýäde umumy kabul edilen hukuk kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyna ornaşdyrmak boýunça teklipleri işläp taýýarlamaga hem gönükdiriler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň işiniň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyldy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň