Soňky habarlar

Arhiw

“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

13:1821.07.2018
0
1271

Okyjylaryň köpçüligi üçin niýetlenen we türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde çykýan žurnalda hukuk ulgamynyň hünärmenleri, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edýärler. Makalalaryň sanawynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli demokratik özgertmeleriň many-mazmunyny hem-de häsiýetini açyp görkezýän maglumat we seljeriş makalalary bar.

Žurnalyň bu sany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy bilen açylýar. Onda 2017-nji ýyl üçin Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri jemlenildi hem-de şu ýyl üçin döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda ilkinji nobatdaky wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mowzuklaýyn makalalaryň hatarynda “Beýik Ýüpek ýoly: halkara hyzmatdaşlygynyň däpleri” hem-de “Beýik Ýüpek ýoly: raýat hukuklarynyň ösüş ýoly” atly makalalar bolar, şolarda medeni-taryhy, hukuk, ykdysady ugurlarda döwlet-hukuk, halkara gatnaşyklarynyň ösüşi hem-de türkmen diplomatiýasynyň häsiýetli aýratynlyklary öwrenilýär. “Türkmenistan — BMG: durnukly ösüşi gazanmakda hyzmatdaşlyk” hem-de “Durnukly ösüş — üstünligiň girewi” diýen makalalarda Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, hususan-da, BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy barada gürrüň berilýär.

“Jemgyýetçilik-syýasy çäre — demokratik ýörelgeleriň esasynda” atly makala 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň, Halk maslahatynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna bagyşlanyldy. “Senenama” rubrikasy astynda hukuk ulgamynda tejribe alyşmak meseleleri boýunça abraýly halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda şu ýylyň birinji çärýeginde Aşgabatda geçirilen duşuşyklara, maslahatlara we dürli forumlara berilýän gysga synlar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň