Soňky habarlar

Arhiw

Kazanda Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleriniň duşuşygy boldy

18:3107.07.2018
0
5587

6-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary boldy. Bu sapar Tatarystanyň Baştutanynyň çakylygy boýunça amala aşyryldy.

Türkmen döwletiniň Baştutany saparyň çäginde ilki bilen Kazanyň merkezi böleginde esasy akademiki we okuw jaýlarynyň golaýynda ýerleşýän “Ideýa” tehnoparkyna baryp gördi. Bu ýerde Respublikanyň esasy kompaniýalary we kärhanalary, şol sanda Türkmenistan bilen öňden bäri hem-de netijeli hyzmatdaşlyk edýän, hususan-da, “Tatneft”, “KAMAZ” we beýleki kompaniýalar öz gazananlaryny görkezdiler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystan Respublikasynyň ýolbaşçysy lukmançylyk robotyny — simulýatoryny işläp taýýarlaýan we öndürýän merkeze hem baryp gördüler. Onuň önümçiligini “Eýdos” merkezi ýola goýdy, bu barada merkezi esaslandyryjy we baş direktory Lenar Waleýew gürrüň berdi.

Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleriniň bilelikdäki awtoulag kerweni “Ideýa” tehnoparkyndan Kazan Kremline tarap ugrady.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow syn ediş meýdançasyna çykdylar, ol ýerde Tatarystanyň Prezidenti belent mertebeli myhmana bu gadymy şäheriň esaslandyrylan gününden biziň günlerimize çenli meşhurlyga eýe bolan bu arheologiki, taryhy we binagärlik ýadygärlikleriniň täsin toplumy barada gürrüň berdi. 

Türkmen we tatar Liderleri şäheriň keşbi açylýan ýerde surata düşdüler, soňra Prezident köşgüne baryp, Dabaralar zalyna girdiler, bu ýerde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan Kremliniň hormatly myhmanlary üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra Ojak otagynda resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Soňra Mejlisler zalynda iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar däp bolan dostlukly türkmen-tatar gatnaşyklaryny ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Şol gatnaşyklar bolsa, taryhy arabaglanyşyga hem-de umumy ruhy-medeni gymmatlyklara daýanýar.

Bu ýerden Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlary bilelikde “Kazan-Arena” stadionyna ugradylar, bu ýerde 2018-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň dörtden bir final duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Belgiýanyň ýygyndysy brazil futbolçylaryny 2:1 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykdy.

Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanyň howa menzilinden Watanymyza ugrady. Birnäçe wagtdan soň, döwlet Baştutanymyzyň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň