"Pahtakor" türkmenistanly legioner bilen gyzyklanýar

12:3217.06.2018
0
1908

Ýakynda Daşkendiň “Pahtakorynyň” awstraliýalu legioneri Rostin Griffits topardan gitdi. Şeýlelik bilen, toparda Aziýa wekilçilik edýän legioneri orny boşady. Şol sebäpli-de, Daşkendiň topary türkmen legioneri, häzirki wagtda “Buhara” toparynda çykyş edýän futbol boýunça milli ýygyndymyzyň esasy oýunçysy Arslanmyrat Amanowy düzümine çagyrmakçy bolýar diýip, TFF-nä resmi saýtynda (tff.com.tm) aýdylýar.

“Pahtakor” topary aprel aýynda Özbegistanyň futbol çempionatynyň iň ökde oýunçysy saýlanan ildeşimiz bilen uzakmöhletleýin şertnama baglaşmakçy bolýar. Ýöne häzirki wagtda toparlar bu baraad doly ylalaşyga gelmediler.

Ýeri gelende aýtsak, Özbegistanyň Superligasynda tomusky transfer möwsümi 17-nji iýunda açylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň