Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy

14:5702.06.2018
0
9232

1-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwletliler köşgünde guralan Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaraly çärä gatnaşdy.
Döwlet Baştutany öňdebaryjy programma üpjünçiligi bolan, şol sanda dil öwredýän programmaly kompýuterler bilen üpjün edilen okuw otaglarynyň birinde Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalaryň isleg-arzuwlary, okaýyşlary hem-de gyzyklanýan ugurlary bilen gyzyklandy.
Körpeler, öz gezeginde, bu ýerde göwnejaý dynç almak, wagtyňy peýdaly geçirmek we dürli hünärler bilen meşgullanmak boýunça ähli zerur şertleriň döredilendigini uly guwanç bilen gürrüň berdiler hem-de milli Liderimize ata Watanymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýän goşgularyny okap berdiler. Şeýle hem olar bu ýerde bilim almagyň çäklerinde daşary ýurt dillerini hem uly höwes bilen öwrenýändiklerini aýtdylar.
Döwletliler köşgüniň çagalary öz endiklerini we bilimlerini görkezmek bilen, döwlet Baştutanymyza okuwda gazanýan üstünlikleri barada gürrüň berdiler, daşary ýurt dillerini öwrenmekde ukyplaryny görkezdiler.
Milli Liderimiz olar bilen söhbetdeşlikde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň, ösüşiň innowasion ugrunyň ýaşlaryň döredijilikli oýlanmagyny, täze maglumat tehnologiýalaryny, daşary ýurt dillerini özleşdirmegini talap edýändigini belläp, çagalara geljekde hem okuwda üstünlikleri arzuw etdi.
Çagalar edýän atalyk aladasy üçin döwlet Baştutanymyza ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu günki wakadan ýadygärlik hökmünde özleri bilen surata düşmegini haýyş etdiler we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli köşgüň döredijilik toparlary tarapyndan taýýarlanan baýramçylyk konsertine çagyrdylar.
Milli Liderimiz Döwletliler köşgüniň mejlisler zalyna bardy. Bu ýerde aýdym-sazly çykyşlar boldy. Olary ýaş aýdymçylar, sazandalar we tansçylar uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Eziz Watanymyzy wasp edýän aýdymlar, halk aýdymlary hem-de häzirki zaman kompozitorlarynyň sazlary ýaňlandy. Konsertiň ahyrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen aýdym ýaňlandy. Giň meşhurlyga eýe bolan bu aýdymyň awtory hem körpeleriň haýyşy boýunça çagalaryň sesine goşuldy. Dabara gatnaşyjylaryň ählisi — uly ýaşdaky adamlar we çagalar ajaýyp eseriň ruhubelentlik paýlaýan sözlerini alyp göterdiler.
Joşgunly aýdym tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz çagalara ýüzlendi we olara ajaýyp döredijiligi, terbiýeçilere we mugallymlara bolsa tutanýerli zähmeti üçin minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şowhunly el çarpyşmalaryň astynda çagalara sowgatlary getirendigini we olary häzir gowşurjakdygyny aýtdy.
Zala ýygnananlaryň ählisi “Arkadaga şöhrat!” diýen sözleri yzly-yzyna gaýtaladylar. Soňra çagalara döwlet Baştutanymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Çagalara hem-de uçurymlara noutbuklar, welosipedler, dokma önümleri we beýleki sowgatlar gowşuryldy. Körpeje çagalary bolsa süýji-kökeler hem-de dürli oýnawaçlar bilen begendirdiler. Köşgüň okuw otaglary üçin täze partalar sowgat berildi.
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli döwlet Baştutanymyz körpelere uly ajaýyp tort sowgat berdi. Dabaranyň ahyrynda hemmelere bu süýji nygmat hödür edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň