Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin ýörite mejlisini geçirdi

05:3923.05.2018
0
7709

22-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Hökümetiň ýurdumyzda sporty ösdürmäge bagyşlanan giňişleýin ýörite mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine şu ýyl geçiriljek has möhüm ähmiýetli sport çärelerine görülýän taýýarlyk bilen bagly meseleler hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler girizildi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşmak üçin halkara guramalaryň, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň orunbasarlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary, jemgyýetçilik hem-de sport guramalarynyň ýolbaşçylary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
Mejlisiň başynda içeri işler ministri I.Mulikowyň «Amul — Hazar 2018» halkara rallisine görülýän taýýarlyk, sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew şu ýylyň güýzünde Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Bütindünýä welosiped gününe gabatlanyp geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere taýýarlyk barada hasabatlary berdiler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýyl 3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni ilkinji gezek belleniljekdigi bilen baglylykda hem-de Durnukly Ösüş Maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, welosiped sportunyň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmak babatda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipleri, şol sanda Türkmenistanda sportuň şu görnüşi boýunça dünýä, yklym we sebit derejesindäki çäreleri hem-de halkara usulyýet maslahatlaryny we sport okuw maslahatlaryny geçirmek boýunça teklipleri hödürlenildi.
Soňra mejlise çagyrylan Russiýanyň Welosiped sporty federasiýasynyň prezidenti, bütin dünýä belli türgen Wýaçeslaw Ýekimowa söz berildi. 
Şondan soň milletiň Lideri gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň jemini jemläp, olary üstünlikli çözmek boýunça anyk çäreleri kesgitledi.
Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowa 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegi;
tabşyrdy.
I.Mulikowa we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe 3-nji iýunda ir sagat 7-den agşam sagat 19-a çenli paýtagtymyzyň ýollarynda awtoulaglaryň hereketini çäklendirmegi;
ýurdumyzyň Awtomobil sporty federasiýasynyň başlygy G.Agamyradowa «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşyny üstünlikli geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi, ýaryşa gatnaşýan awtomobilleriň ekologiýa taýdan ýokary derejä laýyk gelmegini üpjün etmegi;
sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýewe ministrlikde döredilen Ýörite gaznanyň serişdeleriniň netijeli ulanylmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny nygtap, sportuň bu görnüşiniň ösüp gelýän nesilleriň arasynda giňden wagyz edilmegi üçin, ýaş welosiped söýüjileriň hereketini döretmäge ýardam etmegi, ýaş türkmenistanlylaryň arasynda bu ugurda gyzykly çäreleri we ýaryşlary geçirmegi;
Dopinge garşy göreş baradaky milli agentlige, Milli olimpiýa komitetine, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda doping-ofiserleriň işiniň netijeli guralmagyny üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyzda geçirilýän halkara ýaryşlary giňden beýan etmegi, «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň geçiriljek ugurlarynda esasy düşelgeleri kesgitlemegi hem-de olarda şu ýaryşlara gatnaşyjylaryň dynç almagy üçin medeni çäreleri guramagy;
bilim ministri M.Geldinyýazowa mekdeplerde geçirilýän bedenterbiýe sapaklarynda dürli netijeli usullary ulanmagy, orta mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýaryşlary yzygiderli geçirmegi;
saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa türgenler, şeýle hem sporty söýüjiler üçin sport bilen meşgullanmagyň kada görkezijilerini işläp taýýarlamagy, ilatyň arasynda ýaramaz endikleriň adam bedenine erbet täsiri we sagdyn durmuş ýörelgesiniň peýdasy barada köpçülikleýin wagyz-nesihat işlerini geçirmegi;
wise-premýer D.Amangeldiýewe ýerli häkimiýetler bilen degişli meseleleri ylalaşyp, iri häzirki zaman sport toplumlaryny we stadionlary gurmak bilen bir hatarda, ilatyň gür ýerleşýän ýerlerinde kiçi sport meýdançalaryny we kiçi bedenterbiýe-sagaldyş toplumlaryny goşmaça gurmagy hem göz öňünde tutmagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň