Paýtagtda "Ak şäherim Aşgabat" atly sergi geçiriler

16:1818.05.2018
0
17759

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpluk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde wise-premýer D.Amangeldiýew Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 24 — 25-nji maýda “Ak şäherim Aşgabat” ХVII köpugurly halkara sergisini we baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, paýtagtymyzda geçirilýän wekilçilikli foruma dünýäniň dürli döwletlerinden birnäçe toparlar geler. Daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň, öňdebaryjy halkara kompaniýalarynyň wekilleri, şol sanda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary hem-de Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň toparlary, telekeçiler halk hojalyk toplumynyň pudaklary boýunça öz önümlerini görkezerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň