Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda "Açyk gapylar" güni geçiriler

19:3913.05.2018
0
4472

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde we 15-nji maýynda sagat 15:00-da ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary we instituta okuwa girmäge isleg bildirýän raýatlary «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

«Açyk gapylar» gününde instituta gelen ýaşlar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dabaralanmagy, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary, institutyň durmuşy baradaky stendler we wideofilm bilen şeýle hem “Türkmen diplomatiýasynyň taryhy” atly muzeýi bilen tanşyp bilerler.

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheri, Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 22-69-63, 22-02-63.

HOŞ GELDIŇIZ!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň