Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen oba hojalyk instituty ýaşlary 9-njy iýunda «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

19:1113.05.2018
0
5240

Bu günlerde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara instituta girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-tejribeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumatlar berler.

«Açyk gapylar» günleri görkezilen salgylarda sagat 9:00-da başlanýar.

Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin Türkmen oba hojalyk institutynda. Salgysy: Daşoguz ş., Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy. Telefonlary: 800322-5-31-60; 800322-5-22-49; 800322-5-03-92.

Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin Türkmenabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Türkmenabat ş., Zelili köçesiniň 1-nji A jaýy. Telefonlary: 800422-9-89-56; 800422-9-87-71;
800422-9-87-93.

Mary welaýatynyň ýaşlary üçin Baýramaly şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Baýramaly ş., Talyplar köçesiniň 1-nji jaýy. Telefonlary: 800564-6-38-19; 800564-6-00-83, 800564-6-38-41.

HOŞ GELDIŇIZ!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň