Soňky habarlar

Arhiw

Daşary yurt raýatlarynyň üçüsine «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy

14:2927.04.2018
0
4727

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlaryny, hünär ussatlyklaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli:
Awstriýa Respublikasynyň raýaty, hususy atşynas Markus Mag. Hubmanna,
Russiýa Federasiýasynyň «Ahalteke-inform» žurnalynyň baş redaktory Ýuliýa Nikolaýewna Kuznesowa,
Wengriýanyň «Magýar-Turan Fondy» jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy Andras Zsolt Biro «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň