Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen atşynaslaryna bedew baýramy mynasybetli hormatly atlar dakyldy

14:2627.04.2018
0
7411

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Permanyna laýyklykda, berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň milli buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny we seýisçilik sungatyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, türkmen bedewlerini seýislemäge, olaryň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamaga aýratyn şahsy goşant goşandyklaryny, at çapmagyň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny ýaş nesle öwretmekde uly işleri bitirendiklerini we ýokary netijeleri gazanandyklaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini, ýokary ussatlygyny we hünäre ezberligini nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli:
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atçylyk bölüminiň seýsi Annamämmet Aşyrowa,
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atly sport we atly syýahat bölüminiň türgençisi Rüstem Baýrammuhammedowiç Döwletowa,
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň önümçilik bölüminiň atbakary Agamyrat Ýegräýewe,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, hususy atşynas Ilmyrat Seýitnazarowiç Seidowa,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, hususy atşynas Gaýypnazar Öwezsaparowiç Kiçigulowa,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, hususy atşynas Döwran Öwezowiç Myratgulyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady;
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, hususy atşynas Mälikguly Taýlyýewe «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» diýen hormatly ady dakyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň