Türkmenistanyň Prezidenti Magtymguly Pyragynyň okan medresesine baryp gördi

16:5725.04.2018
0
8365

Hywa şäherine gezelenjiň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary Içan-kalanyň merkezinde ýerleşen Şirgazy medresesine baryp gördüler.
Ol 1718-nji ýylda Şirgazy han tarapyndan gurlupdyr we Hywanyň gadymy we uly binalarynyň biridir. Diňe öňki bölegi iki gatly bolan bu bir gatly bina dört eýwany bolan içerki howludan hem-de okuw üçin otaglardan ybarat bolupdyr. Bu ýerde soňra uly meşhurlyga eýe bolan alymlar we şahyrlar bilim alypdyrlar. Olaryň hatarynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragy bar. Ol şeýle şahyrana setirleri bagyşlapdyr: “Daýym unutmaz men tylla gapysyn... Kutbda saý gözläp, gümana duşdum... Neýsan guýdy, umman —− gaýnadym-joşdum... Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!”.
Şahyryň üç ýyl ýaşan otagy, beýik akyldaryň golýazmalary, durmuşda ulanan zatlary aýawly saklanylýar.
Iki ýurduň Liderlerine gadymy kitaplar, şol sanda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlary Keminäniň, Seýdiniň, Zeliliniň we beýleki şahyrlaryň eserleri görkezildi. Olar milli medeniýetiň diňe bir bölegi bolup, şu ýerde saklanyp galan hem-de öwrenilmegine garaşylýar.
Döwlet Baştutanymyz hökümet wekiliýetiniň degişli ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Içan-kalada saklanyp galan gymmatly golýazmalary öwrenmek boýunça işleri guramagy tabşyrdy, olar halkymyzyň taryhy barada köp zatlary gürrüň berip biler.
Medresäniň howlusynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa we Şawkat Mirziýoýewe Magtymgulynyň döredijilik ýolunyň bir sahypasyna bagyşlanan sahna görkezildi, türkmen topragynyň şöhratly oglunyň ganatly setirleri ýaňlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň