Soňky habarlar

Arhiw

«Ruhubelent çagalar» topary Türkiýedäki çagalar baýramynda çykyş etdi

15:1524.04.2018
0
11216

23-nji aprelde Türkiýede Çagalar baýramy geçirildi. Bu baýramçylygyň çäklerinde «durmuşyň güllerine» bagyşlanan köp sanly dabaralar geçirildi diýip, ORIENT habarlar agnetligi ýazýar.
Bu baýram mynasybetli geçirilen Halkara çagalar festiwalyna dürli döwletlerden ýüzlerçe çaga gatnaşdy. Kojaeli şäherinde geçirilen festiwal 41 döwletiň çagalaryny özünde jemledi. Onda türkmen çagalaryndan başga-da, Azerbaýjandan, gazagystandan, Gyrgyzystandan, Eýrandan, Malaýziýdan, Ukrainadan, Belarusdan, Estoniýadan, çehiýadan, Makedoniýadan we başga-da köp sanly döwletden gelen körpeler bar.
Bu baýramçylyga Türkmenistandan Nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkeziniň «Ruhubelent çagalar» tans topary gatnaşdy. Bu topar Hytaýda, Polşada, Serbiýada we Russiýada geçirilen festiwallarda hem Watanymyza wekilçilik edipdi. Çagalar tans toparyny bu gezekki festiwala Leýli Babaýewa bilen Ýelena Amanmyradowa taýýarlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň