Türkmenistanlylar ilkinji gezek 48 Four Film Race bäsleşigine gatnaşýarlar

19:2119.04.2018
0
5301

ABŞ-nyň Gazagystandaky diplomatik edarasy 21 — 23-nji aprel aralygynda 48 sagadyň dowamynda surata düşürilen gysga göwrümli filmleriň bäsleşigini (48 Hour Film Race) geçirýär. Oňa Merkezi Aziýa döwletlerinden bu sungatyň islendik höwesjeňi gatnaşyp bilýär. Ýaryşyň düzgünnamasy, teklipler we gatnaşyjylar bilen ähli gatnaşyklar www.48hourfilmrace.com saýtynyň üsti bilen amala aşyrylýar.
Bäsleşige gatnaşyjylar bu saýta ýollanan hatlaryň üsti bilen 20-nji aprele çenli hasaba alyndy. 21-nji aprel güni irden bäsleşige gatnaşyjylar öz internet poçtasynda ýörite tabşyrygy alarlar. Soňra gatnaşyjylar bary-ýogy 48 sagadyň dowamynda — şenbe güni 10.00-dan duşenbe güni 10.00-a çenli filmiň edebi esasyny ýazyp, taýýarlyk görüp, ýazgy edip we kebşirläp ýetişmeli. Bäsleşigiň jemlenýän wagtyna çenli ugradylan filmleriň her biriniň dowamlylygy 4 minutdan geçmeli däl.
Bu ýaryşa ilkinji gezek Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň raýatlary çagyrylýar. Bäsleşik gatnaşyjylaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmagy maksat edinýär. 
Maglumatlara görä, bäsleşik üçin bu döwletlerden 1300 çemesi ýüz tutma kabul edildi. Eminler «Iň gowy komedia», «Iň gowy drama», «Iň gowy hyýaly film», «Iň gowy ekşn», «Iň gowy gorkuly film», «Iň gowy dokumental film», «Iň gowy triller/detektiw», «Iň gowy sazly film» ugurlary boýunça ýeňijileri kesgitlärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň