18-nji aprelde Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahatyň we festiwalyň açylyş dabarasy boldy.
Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan çärä gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Hindistanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň alymlary hem-de hünärmenleri, şol sanda saz öwrenijileri, dilçileri, sungaty we medeniýeti öwrenijileri paýtagtymyza geldiler.
Aýdym-saz medeniýeti Aşgabatdaky halkara forumyň gün tertibini öňünden kesgitledi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda iri möçberli çäräniň ähmiýeti nygtaldy.
Ylmy maslahatyň çäklerinde geçen umumy mejlisiň işine Russiýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Fransiýanyň, Koreýanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň alymlary we hünärmenleri gatnaşdylar.
Ýurdumyz bilen öňden we netijeli hyzmatdaşlyk edýän Smitsonian institutynyň (ABŞ) Aziýanyň medeni-taryhy maksatnamasynyň başlygy Pol Maýkl Teýlor adamzadyň ruhy mirasynyň köklerini öwrenmekde bu halkara forumyň tutýan ornuny nygtady. Amerikan alymy türkmen halkynyň medeni mirasyny wagyz etmek boýunça Smitsonian institutynyň alyp barýan işleri, hususan-da, Magtymguly Pyragynyň eserleriniň neşiri hem-de Türkmenistanyň sungat ussatlaryna bagyşlanan kitaplar barada gürrüň berdi. Olar ABŞ-nyň, Ýewropanyň kitaphanalaryna we muzeýlerine berildi, häzirki zaman tehnologiýalarynyň peýdalanylmagy bilen bolsa dünýäniň köp döwletleriniň okyjylaryna elýeterli boldy.
Azerbaýjan Respublikasynyň at gazanan medeniýet işgäri, Azerbaýjanyň Saz medeniýetiniň döwlet muzeýiniň direktory Alla Baýramowa bu ýere ýygnananlary aýdym-saz mirasyny gorap saklamak boýunça muzeýiň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy.
Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, Russiýanyň Sungatyň taryhy institutynyň (Sankt-Peterburg) uly ylmy işgäri Nailýa Glazunowanyň çykyşy türkmen aýdym-sazyna bolan söýgüsine beslendi. Ol bu işe özüniň ylmy işlerini bagyşlady.
Gyrgyz Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň Ç.Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, milli sazlaryň “Ustatşakirt” merkeziniň Jemgyýetçilik birleşiginiň müdiriýetiniň başlygy Raziýa Syrdybaýewa öz çykyşyny aýdym-saz sungatynyň türkmen we beýleki ýakyn medeniýetleriň ösüşindäki ornuna bagyşlady.
Koreýa Respublikasynyň Aziýa medeniýeti merkeziniň ýerine ýetiriş ussatlygy bölüminiň ýolbaşçysy, kompozitor Kim Heýongyň çykyşynda dünýä halklarynyň medeniýetiniň örän gadymy görnüşiniň biri hökmünde saz folkloryny öwrenmek meseleleri esasy gürrüň boldy.
Özbegistanyň Döwlet konserwatoriýasynyň özbek mukam sungatynyň taryhy we nazaryýeti kafedrasynyň professory Rustambek Abdullaýew, Eýranyň SAMT uniwersitetiniň ylmy işgäri, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet boýunça geňeşçisi Mohammad Jawad Abolgasemi, gündogar milli saz gurallarynda fransuz ýerine ýetirijisi Iban Perre, Ýaponiýanyň döredijilik toparynyň agzasy Toru Sasaki öz çykyşlarynda halkara ylmy maslahatyň we festiwalyň ruhy mirasy gorap saklamakda, bilimleri artdyrmakda, hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýetini nygtadylar.
Mukamlar köşgüniň giň eýwanynda guralan sergi ylmy forumyň özboluşly dowamyna öwrüldi. Serginiň ýurdumyzyň sungatynyň köptaraply dünýäsine bagyşlanan ýörite bölüminde suratkeşleriň eserleri, zergärleriň we senetçileriň önümleri, saz gurallary, kitap önümleri, fotosuratlar görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli medeniýetimiz we sungatymyz baradaky işlerine aýratyn orun berildi.
Türkmen bagşy-sazandalarynyň çykyşlary baýramçylyk ruhuna beslendi.
Günüň ikinji ýarymynda Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Döwlet çeperçilik akademiýasynda, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde guralan bölümler boýunça mejlislerde maslahat öz işini dowam etdi. “Halk sazlary medeni-taryhy mirasyň aýrylmaz bölegidir”, “Folkloristikanyň häzirki zaman meseleleri: milli saz däplerine täzeçe çemeleşmegiň gözlegleri we usullary”, “Edebi folklorda we saz sungatynda çeper keşpleriň beýany” diýen mazmundaky gürrüňler we beýlekiler çykyşlaryň esasyny emele getirdi.
Agşam Magtymguly adyndaky Milli saz-drama teatrynyň sahnasynda üstünlige beslenip geçen dostluk konsertinde çykyş edenler öz ussatlygyny görkezdiler.
Soňky habarlar
Arhiw
Türkmenistanda aýdym-saz medeniýetine bagyşlanan halkara forum geçirilýär
10:0019.04.2018
0
12063
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň