Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat — Kazan ugry boýunça gatnaýan uçarlaryň ýolagçysy köpelýär

10:4615.04.2018
0
1629

"Türkmenistan Airlens" awiakompaniýasynyň Aşgabat — Kazan ugry boýunça gatnawynyň hyzmatyndan peýdalanýan ýolagçylaryň sany barha artýar. Muny Tatarystanyň Halkara howa menziliniň şu ýylyň üç aýy baradaky statistiki maglumatlary hem aýdyň görkezýär. Ýylyň üç aýy boýunça gatnaw geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 76 göterim artdy. Bu barada Tatarystanyň Halkara howa menziliniň statistiki maglumatlaryna salgylanyp, ORIENT habarlar agentligi ýazýar.

Mälim bolşy ýaly, bu howa gatnawy 2016-njy ýylyň dekabr aýynda açylypdy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň