Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

17:1112.04.2018
0
8264

11-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemlerine, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.
Mejlisiň gün tertibini yglan edip, döwlet Baştutany guramaçylyk meselelerine seretdi.
Ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Söwda-senagat edarasynyň başlygy wezipesine tassyklanylan O.Gurbannazarowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Soňra milletiň Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda meseleleri boýunça orunbasary wezipesine Ç.Gylyjowy belläp, ony Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini mälim etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine G.Müşşikowy belläp, ony «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesinden boşatdy. Bu wezipä döwlet Baştutanynyň Permany esasynda T.Täçmuhammedow bellenildi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti “Galkynyş” gaz käninden Owganystana çenli demir ýol gurmak barada aýdyp, şunuň bilen baglylykda, M.Babaýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, ony Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak bilen bagly işe ibermek barada karara gelendigini habar berdi.
Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça orunbasary wezipesine M.Meredowy belläp, ony Ministrler Kabinetiniň bölüm müdiri wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutany mejlisiň dowamynda TOPH gaz geçirijisini gurmak boýunça işleri guramak üçin tejribeli ýolbaşçylaryň zerurdygyny nygtady. Biz Owganystana tarap uzaýan demir ýoluň durkuny täzelemeli. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz B.Annameredowy ulaglar we aragatnaşyk meseleleri boýunça wise-premýer wezipesinden boşadyp, ony bu gaz geçirijini gurmak boýunça işlere ibermek barada karara gelendigini habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulaglar we aragatnaşyk meseleleri boýunça orunbasary wezipesine M.Çakyýewi belläp, ony Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory wezipesine M.Hudaýkulyýewi belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti awtomobil ulaglary ministri M.Aýdogdyýewyň saglyk ýagdaýy sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşatmak hakyndaky arzasyny kanagatlandyrmak barada karara gelendigini habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow M.Çakyýewe awtomobil ulaglary ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi ministriň orunbasary J.Garaýewiň üstüne ýüklemegi tabşyrdy. Soňra milli Liderimiz H.Mergenowy senagat ministri wezipesine belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara söz berdi, olar gün tertibiniň meseleleri boýunça hasabat berdiler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow 2018-nji ýylyň birinji çärýeginiň makroykdysady görkezijileri;
Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Öräýewa şu ýylyň ilkinji üç aýynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gazanan ykdysady görkezijileri;
maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hem-de şu ýylyň birinji çärýeginde maliýe býujet ulgamynda geçirilen işleriň jemleri;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew şu ýylyň üç aýynda gurluşyk, energetika toplumy we jemagat hojalygy ulgamyndaky alnyp barlan işleriň netijeleri;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow milli senagatyň dürli pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde geçirilen işleriň jemleri;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow şu ýylyň üç aýynda bilim, saglyk we sport ulgamlarynda alnyp barlan işler;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa medeniýet ulgamynda şu ýylyň üç aýynda alnyp barlan işleriň jemleri;
18 — 19-njy aprelde Aşgabatda geçiriljek “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahata we festiwala görülýän taýýarlyk işleri;
daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen baglylykda, DIM-niň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriniň netijeleri;
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň şu ýylyň birinji çärýeginde alyp baran işleriniň netijeleri;
Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzyň ähli düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem paýtagtymyzyň durmuş ulgamyna degişli binalaryň ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärlerine, Mejlisiň deputatlaryna bermek we ýaşaýyş jaýlarynda tehniki, hojalyk hyzmatlaryny amala aşyrmak bilen baglanyşykly teklipler;
welaýat häkimleri şu ýylyň birinji çärýeginde ýerlerde alnyp barylýan işleriň netijeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we ilatyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän çäreler;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri;
Türkmenistanyň Baş prokurory B.Atdaýew suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we bag nahallaryna edilýän ideg işleriniň barşy bilen baglanyşykly ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilen barlaglaryň netijeleri;
M.Çakyýew aýry-aýry ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakyndaky meselä geçip, degişli resminamalaryň birnäçesine gol çekdi.
Soňra döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi. Bu çykyş habarlar portalymyzda aýratyn blogda ýerleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň