Soňky habarlar

Arhiw

Ýylyň üç aýynda Türkmenistanda içerki önümiň ösüşi 6,2 göterime barabar boldy

16:2712.04.2018
0
7032

11-nji aprelde geçirilen hökümet maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow 2018-nji ýylyň birinji çärýeginiň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim boldy. Şol sanda senagat toplumynda 4,6 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda 10,5 göterim, söwdada 7,6 göterim, oba hojalygynda 3,2 göterim, hyzmatlar ulgamynda 10,1 göterim artdy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, jemi öndürilen önüm 4,1 göterim ýokarlandy.
Üç aýyň jemi boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 18,2 göterim artdy. Sarp ediş harytlarynyň bahasy hem-de ilata edilýän hyzmatlaryň jemleýji görkezijisi durnukly saklandy.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haklarynyň möçberi 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 9,3 göterim artdy. Birinji çärýekde önümleriň eksport edilişiniň möçberi geçen ýyldaka garanyňda, 14,2 göterim ýokarlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň