Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Russiýanyň parlamentarileriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

23:5809.04.2018
0
8286

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda türkmen-russiýa parlamentara gatnaşyklary berkitmek hakynda telefon söhbetdeşligi boldy.
Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 47-nji mejlisine gatnaşmaga çagyryp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletlerden bolan halkara synçylaryň ýakynda biziň ýurdumyzda geçen Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna ýokary baha berendiklerini belledi.
Şeýle hem soňky ýyllarda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze many-mazmuna eýe bolýandygy bellenildi. Döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmeginde türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň ählitaraplaýyn berkemegine ýardam berýän yzygiderli gatnaşyklara we ýokary derejedäki duşuşyklara möhüm ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen birlikde, parlamentara gatnaşyklardaky we yzygiderli esasda kanun döredijilik ulgamyndaky özara bähbitli alyş-çalyş tejribesinde özüni oňat görkezen işleri dowam etdirmäge ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň bardygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň ýokary palatasynyň ýolbaşçysy GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalarynyň ornuny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň