Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Germaniýanyň meşhur "FAVO" toparynyň konserti boldy

13:1108.04.2018
0
8710

Aşgabatdaky “Watan” kinokonsert merkezinde Germaniýanyň “FAVO” saz toparynyň türkmen sazandalary bilen bilelikdäki konserti geçirildi. Ony Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilelikde guradylar. Falk Braýtkroşts, Folker Şlott hem-de Sander de Winneden ybarat sazandalar topary bas-klarnet, alt, mbira saz gurallarynda öz kompozisiýalary bilen birlikde dünýäniň meşhur kompozitorlarynyň eserlerini hem ýerine ýetirdiler. Olaryň arasynda Sebastýan Bahyň, Bitlziň, Pýatsollynyň eserleri hem bar.

Toparyň zehinli ýaş aýdymçysy Sander de Winnäniň aýdymlary konserte gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Onuň ýerine ýetiren “Kongonyň şapagy”, “Sebäbi sen meniň söýgülim”, “Nirededir, älemgoşaryň astynda” ýaly aýdymlary bilen birlikde belli türkmen kompozitory Aman Agajykowyň “Aýly agşam” atly aýdymy hem gyzgyn elçarpyşmalara mynasyp boldy.

 2009-njy ýylda döredilen bu topar eýýäm 2010-njy ýylda Gýote institutynyň çakylygy boýunça Gündogar Afrika ýurtlarynda, soňra birnäçe aýdym-saz albomlaryny çykarmak bilen, Germaniýanyň dürli şäherlerinde, Awstriýada, Şweýsariýada hem çykyş etdi. 2016 – 2017-nji ýyllarda bolsa Belgiýada, Germaniýada, Katarda geçirilen festiwallara gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň