Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

07:1907.04.2018
0
12563

6-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanyna:

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzümindäki alyjylar jemgyýetleriniň kärhanalaryny we desgalaryny hususylaşdyrmak barada beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi;

döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 16-njy martynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen bolan duşuşykda kaliý dökünlerini öndürýän kombinatyň we ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler;

iri gazhimiýa we nebithimiýa taslamalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler;

ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy;

himiýa senagatynyň önümçilik düzümini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler;

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň çäginde ýaşaýyş toplumynyň taslamasynyň täzeden işlenen görnüşi;

ulag we aragatnaşyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler;

2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda Türkmenistanyň çäginde ýerleşen taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş we rejeleýiş işleriniň geçirilmegi bilen bagly alnyp barylýan işler;

maý aýynyň 2-sinde ulag boýunça halkara maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk;

3-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň agza ýurtlarynyň ulag ministrleriniň nobatdaky IX mejlisini geçirmek;

milli parlamentiň altynjy çagyrylyşynyň düzümini emele getirmek hem-de işi;

2018-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk we beýleki möhüm ugurlar barada hasabatlar berildi. Milletiň Lideri hasabatlary diňläp, olar boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň