Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda alyjylar jemgyýetleri we olaryň kärhanalary hususylaşdyrylýar

23:5706.04.2018
0
13603

Türkmenistanda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzümindäki alyjylar jemgyýetleriniň kärhanalaryny we desgalaryny hususylaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu wezipe babatynda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada 6-njy aprelde geçirilen hökümet maslahatynda milletiň Liderine hasabat berildi. Şeýle hem mejlisde döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň degişli Kanuny bilen kesgitlenen tertibe laýyklykda, bu düzümiň işini bes etmek baradaky teklip hödürlenildi. Şeýle hem paýtagtymyz we welaýatlar boýunça alyjylar jemgyýetleriniň kärhanalaryny hem-de desgalaryny tapgyrlaýyn esasda hususylaşdyrmagyň göz öňünde tutulýandygy habar berildi. Olaryň sanawyna Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň mejlisinde seredildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, iri möçberli sebit we milli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň depginlerini çaltlandyrmak boýunça çäreleri görmegiň hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryny özgertmegiň wajypdygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň alyjylar jemgyýetleriniň düzümini üýtgetmegiň maksadalaýyklygy baradaky teklibiň döwrüň talabyna laýyk gelýändigini aýdyp, bu meseläni pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen utgaşyklykda içgin seljermegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň