Soňky habarlar

Arhiw

Türkmsnistanyň Prezidenti geçirilen saýlawlaryň netijeleri bilen tanyşdy

05:2330.03.2018
0
5359

Ministrler Kabinetiniň 29-njy martda geçirilen mejlisinde jemgyýetçilik-syýasy çäre — Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeş agzalarynyň ýakynda geçirilen saýlawlarynyň jemlerine seredildi. 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradowa ýurdumyzda 25-nji martda geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri barada hasabat berdi.
Bu gezekki saýlawlar bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýörelgelerinde geçip, Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygynyň aýdyň tassyklanmasyna öwrüldi. Onuň ähli tapgyrlary hereket edýän milli kanunçylygyň we umumy ykrar edilen halkara kadalaryň talaplaryna laýyk derejede guraldy. Saýlaw okruglarynyň çäginde ýerleşýän 2604 saýlaw uçastogynda ses bermek çäresi amala aşyryldy. Şol sanda ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda saýlaw uçastoklarynyň 39-sy açyldy.
Saýlawçylaryň ýokary işjeňligi geçirilen saýlawlaryň häsiýetli aýratynlygy boldy. Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, umuman, 3 million 291 müň 525 saýlawçydan 3 million 19 müň 957 adam ýa-da Türkmenistanyň ses bermäge hukugy bolan ähli raýatlarynyň 91,75 göterimi ses berdi.
Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy saýlawlaryň netijelerini beýan edip, tutuş ýurdumyz boýunça 284 dalaşgärden Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlygyna 125 deputat, 3 müň 59 dalaşgärden welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlaryna 240 agza, etrap we şäher halk maslahatlaryna 1200 agza, 13 müň 215 dalaşgärden Geňeşlere 5 müň 900 agza saýlanylandygyny habar berdi.
Parlamentiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna Demokratik partiýadan 3257, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 352, Agrar partiýadan 1358, raýatlar toparlaryndan bolsa 2498 adam saýlanyldy. Merkezi saýlaw toparynyň 28-nji martda geçirilen mejlisinde olaryň garalan we tassyklanylan sanawy hereket edýän milli kanunçylygyň kadalaryna laýyklykda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýär.
Şeýle hem saýlawlaryň ähli tapgyrlarynda alnyp barlan işlere gözegçiligi milli synçylaryň 4 müňden gowragynyň, hatarynda BMG-niň, GDA-nyň, ÝHHG-niň demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň, ŞHG-niň, YHG-niň we birnäçe daşary döwletleriň wekilleri bolan halkara synçylarynyň 142-siniň amala aşyrandyklary habar berildi. Olar saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde hiç hili düzgün bozmasyz geçirilendigini tassykladylar.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Merkezi saýlaw toparynyň başlygyna saýlawlary taýýarlamaga we geçirmäge işjeň gatnaşan ähli adamlara Ministrler Kabinetiniň adyndan minnetdarlyk bildirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem şu saýlawlar bilen bagly geçirilen ähli işleri düýpli seljerip, eger saýlawlary geçirmekde kemçilikler bar bolsa ýa-da halkara tejribesinden yza galynýan bolsa, onda saýlawlary geçirmegiň kadalaryny kämilleşdirmek we halkara ölçeglerine laýyk getirmek boýunça ýakyn wagtda teklipleri bermegi tabşyrdy. Bu teklipler öwrenilip, kanunçylyga degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky meselä garalar.
Milletiň Lideri mejlisi dowam edip, ýurdumyzyň saýlaw uçastoklaryna gelip, ses beren ähli adamlara minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, geçirilen bu saýlawlaryň netijeleri biziň ählimiz üçin, bütin jemgyýetimiz üçin möhümdir. Öz pikiriňi, döwlet derejesindäki meseleler boýunça şahsy garaýşyňy erkin beýan etmek ýurdumyzyň Konstitusiýasynda berkidilen, biziň raýatlyk hukugymyzdyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň