Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

08:5325.03.2018
0
7362

24-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Mejlisde

ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynyň öňümizdäki ýedi ýyl üçin ösüş maksatnamasynyň taýýarlanylyşy;

milli parlamentiň ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk üpjünçiligi boýunça alyp barýan işleri;

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň 27 — 28-nji martda ýurdumyza boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk;

27-nji martda geçirilmegi meýilleşdirilýän türkmen-eýran işewürler maslahatyna görülýän taýýarlyk;

29 — 31-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Özbegistan Respublikasynyň milli senagat sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk;

ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda işleýän daşary ýurtly kompaniýalar bilen önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyk şertlerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler;

welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy;

innowasion önümçilik düzümini döretmegiň, bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberini artdyrmagyň wezipelerini çözmek boýunça alnyp barylýan işler;

Garlyk kaliý dag-magdan toplumyna bolan iş saparynyň netijeleri;

gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak, nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler;

oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary satyn almak, dürli görnüşli ýük wagonlaryny abatlamak boýunça Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylýan işler;

Awtomobil ulaglary ministrliginde awtoulag kärhanalar toplumyny we awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkezini gurmak üçin şertnama baglaşmaga ygtyýar almak boýunça alnyp barylýan işler;

medeniýet ulgamynda ozal gol çekilen halkara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi;

Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasynyň hem-de Milli sport we syýahatçylyk institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binasynyň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşigiň netijeleri;

28-nji oktýabr — 10-njy noýabr aralygynda Aşgabatda agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk;

orta mekdepleriň, başlangyç, orta hünär okuw hem-de ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryna girizilen üýtgetmeler, hünärmenleri ýokary hünär biliminiň iki basgançakly düzüm boýunça taýýarlamak bilen baglylykda taýýarlanylan bilim hakynda resminamalaryň täze döwlet nusgalary barada hasabatlar berildi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň