Türkiýäniň Kyrklareli uniwersitetinde ýerli we daşary ýurtly talyplaryň gatnaşmagynda Halkara Nowruz baýramy mynasybetli dabara geçirildi. Bu festiwala uniwersitetiň ýolbaşçylary, köp sanly talyplar gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habat berýär.
Uniwersitetde okaýan daşary ýurtly talyplar öz ýurtlarynyň edim-gylymlary barada gürrüň berýän sergini gurnadylar we tans çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Türkmen talyplary tarapyndan ýerine ýetirilen „Küştdepdi“ tansynyň ýakynda ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni miras sanawyna goşulmagy dabara gatnaşyjylarda bu tansa bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy.
Türkmen talyplary Türkmenistanyň ilçihanasynyň ýardam bermeginde sergi hem gurnadylar. Onda ýurduň soňky ýyllardaky okgunly ösüşi, baý medeniýeti we türkemn halkynyň asyrlaryň çuňluklaryna siňen taryhy şöhlelendirildi.