Soňky habarlar

Arhiw

Turkmenportalyň okyjylary Amir Gurbanyny 2017-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy diýip saýladylar

11:3619.02.2018
0
9250

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň we Gyrgyzystanyň “Dordoý” toparynyň 30 ýaşly ýarym goragçysy Amir Gurbany Turkmenportalyň okyjylarynyň agramly böleginiň ses bermegi boýunça 2017-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi.

Amir Gurbany 191 ses bilen birinji orny eýeledi. Ikinji, üçünji orunlary bolsa “Ahalyň” ýarym goragçysy Myrat Annaýew (97 ses) bilen Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we “Ahalyň” (geçen möwsüm “Şagadam”) hüjümçisi Süleýman Muhadow (27 ses) eýeledi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan geçirilen ses berlişigiň netijesinde geçen möwsümiň iň gowy futbolçysy saýlanan Myrat Ýagşyýew biziň ses berlişigimizde 20 ses alyp, 6-njy orna düşüp bildi. Ondan öňe geçen “Merwli” Ilýa Tamurkin (24 ses) bilen geçen möwsümi Mogilýow şäheriniň “Dneprinde” geçiren Merdan Gurbanow (21 ses) 4-nji hem 5-nji orunlary eýelediler.

Turkmenportalyň okyjylarynyň saýlamagy boýunça iň gowy futbolçylaryň 10-lugyny Arslanmyrat Amanow (18 ses, ozal “Altyn asyr”, häzir “Buhara”), Wahyt Orazsähedow (15 ses, ozal “Ahal”, häzir “Sabail”), Rustam Matrizaýew (11 ses, “Merw”) we Mekan Saparow (11 ses, ozal “Balkan”, häzir “Altyn asyr”) jemledi.

Amir Gurbany 1987-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda doguldy. Ol Aşgabadyň ozalky “Kolhozçysynyň” meşhur ýarym goragçysy Aly Gurbanynyň ogludyr.

Amir Türkmenistanyň çempionatyna 2005-nji ýylda ozalky HTTU toparynyň düzüminde girişdi. 2012-nji ýylda Özbegistanyň “Buhara” futbol topary bilen şertnama baglaşan futbolçy 2 aýdan soň, maşgala ýagdaýy sebäpli, ýene-de Watana dolanmaly boldy.

2013-nji ýylda “Balkanyň” düzüminde AFK-nyň prezidentiniň kubogynda üstünlikli çykyş edip, Pakistanyň “KRL” topary bilen geçirilen final duşuşygynda hem ýeke-täk goluň awtory boldy. Şol ýyl ol bu halkara ýaryşyň iň gowy futbolçysy diýip yglan edildi.

2014-nji ýylda Gazagystanyň “Kaýsar” toparynda synag türgenleşiklerine gatnaşan hem bolsa, şol ýyl möwsümi kakasynyň tälim berýän “Ahal” futbol toparynda açdy. Möwsümi bolsa HTTU-ny Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşykda ýeňip, kubok bilen başlady.

2015-nji ýylda “Balkanda” çykyş eden ýarym goragçy Türkmenistanyň çempionatynyň kümüş medalyna mynasyp boldy. 2016-njy ýylda Aragatnaşyk ministrliginiň “Altyn asyry” tejribeli ýarym goragçyny düzümine çagyrdy. Ol şol ýyl AFK-nyň kubogynda “Al-Ahed” bilen geçirilen duşuşygyň 74-nji minudynda tapawutlanyp, toparynyň ikinji golunyň awtory boldy.

2017-nji ýylda Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadamy” bilen Türkmenistanyň çempionatynyň bürünç medalyny eýelän Amir Gurbany 16 gol bilen bombardirlik ýaryşynyň hem “bürünç medalyna” mynasyp boldy. Geçen ýylyň dekabr aýynda bolsa ol Gyrgyzystanyň “Dordoý” topary bilen bir ýyllyk şertnama gol çekdi. Täze topary bilen “Ahalyň” garşysyna geçirilen duşuşykda-da iki gezek tapawutlanyp, Balkanabatda geçirilen şol duşuşygyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň