Aşgabatda Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi

23:3718.02.2018
0
4154

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Beýik ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy” atly halkara maslahaty geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň diplomatik toparynyň wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda milli Liderimiz Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden döredilmegine öz mynasyp goşandyny goşýan Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylýan möhüm halkara başlangyçlar we taslamalar bilen çykyş edýär diýip belledi. Ýurdumyz Bitarap Türkmenistanyň 2017-2023-nji ýyllar üçin daşary syýasaty Konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözülmegine uly goşant goşýar.

Forumda edilen çykyşlarda döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan ekologiýa we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly syýasy ýollar bilen kadalaşdyrmak hem-de möhüm halkara-hukuk resminamalaryny işläp taýýarlamak boýunça wezipeleriň dünýä bileleşiginiň giň ykrarnamasyna eýe bolýandygy nygtaldy.

Ýurdumyzyň diplomatiýa gullugynyň ýaş işgärleri hem-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýokary ýyl talyplary döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary üçin degişli şahadatnamalar bilen sylaglandylar.

Halkara gatnaşyklary institutynyň eýwanynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde guran sergisi, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen baýramçylyk konserti maslahata aýratyn öwüşgin çaýdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň