Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ýurdumyzyň suw hojalygy pudagyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

12:5613.02.2018
0
7095

Aşgabatdaky Oba hojalyk toplumynyň binasynda geçirilen maslahatda ýurdumyzyň suw hojalygy pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata welaýatlaryň häkimleri, Mejlisiň deputatlary, oba hojalyk toplumynyň, birnäçe ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Ylymlar akademiýasynyň wekilleri, suw hojalygy pudagynyň işgärleri, oba hojalyk ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda obasenagat toplumynyň we beýleki pudaklaryň sazlaşykly ösüşiniň, daşky gurşawy goramagyň, halkymyzyň amatly durmuş derejesini üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär.

Maslahatda bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezidentmaksatnamasyna”laýyklykda, welaýatlarda suwarymly ekerançylyk üçin jemi 2 müň 900 gekdar tarp ýeri özleşdirmek işleri öňde durýar. Çöllük howa şertlerinde oba hojalyk ekinlerini suwuň ýeterlik mukdary bilen üpjün etmek üçin suw serişdelerini tygşytly peýdalanmaga ýardam etjek iň täze tehnologiýalaryň, innowasiýa häsiýetli ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna ilkinji derejeli üns berilmelidir.

Hususan-da, her welaýatda ekerançylyk meýdanlarynyň 600 gektaryny damjalaýyn usulda suwarmak üçin niýetlenen desgalary gurmak meýilleşdirilýär.

Maslahata ýygnananlar “Altyn asyr” Türkmen kölüniň suwlaryny şorlaşma durnukly meýdanlarda peýdalanmak bilen baglanyşykly jikme-jik ylmy-barlaglaryň geçirilmeginiň, düýedarçylygyň hem-de maldarçylygyň beýleki pudaklarynyň kölüň ýanaşyk çäklerinde, balyk senagatynyň we beýlekileriň ösdürilmegi babatynda işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Çykyş edenler Oba we suw hojalyk ministrligi hem-de olaryň welaýat bölümleri tarapyndan suw serişdeleriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmegi güýçlendirmegiň, etraplaryň daýhan birleşikleriniň hem-de kärendeçileriň suw serişdelerinden rejeli peýldanmagyň kadalaryny we düzgünlerini berjaý etmekde şahsy jogapkärçiligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň