Soňky habarlar

Arhiw

Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyrynda türkmen telekeçileriniň mynasyp paýy bar

11:1812.02.2018
0
2588

Ozal hem habar berşimiz ýaly, ýakynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň  nobatdaky tapgyrynyň desgalary açylyp, ulanylmaga berildi. Onda paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň 1152 maşgalasy üçin bir we iki gatly döwrebap jaýlar bar.

Toplumda medeni-durmuş maksatly binalar hem bar. Bu binalaryň gurluşygynda türkmen hususyýetçilerine-de uly paý degişli. Has takygy, täze tapgyrdaky her biri 160 körpä niýetlenen çagalar baglarynyň ikisini, 600 orunlyk orta mekdebi hem-de söwda merkezini hususy kärhanalar gurdular. Bu gurluşyklar «Beýik bina» we «Arslan» hususy kärhanalary tarapyndan alnyp baryldy. Çagalar baglary we mekdep obanyň merkezinde ýerleşmek bilen, olarda ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Söwda merkezi bolsa toplumyň ýaşaýjylaryna döwrebap hyzmatlary hödürleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň