Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda senagat önümleriniň, enjamlarynyň, döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi açyldy

04:1001.02.2018
0
10706

Aşgabatdada senagat önümleriniň, enjamlarynyň döwrebap tehnologiýalarynyň Halkara sergisi öz işine başlady, ony Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän ýöriteleşdirilen gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň innowasiýa ösüş ýolunda gazanan ägirt uly sepgitlerini we mümkinçiliklerini, şeýle hem daşary ýurtly enjamlary öndürijileriň öňdebaryjy tejribelerini we işläp taýýarlamalaryny görkezýär, olar türkmen hyzmatdaşlary bilen uzakmöhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýärler.

Sergi ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň hem, senagat enjamlarynyň, ýokary öndürijilikli tehnikanyň we hyzmatlaryň giň görnüşini hödürleýän daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hem uly mümkinçiliklerini açyp görkezýär. Sergä Germaniýadan, Fransiýadan, Italiýadan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýran Yslam Respublikasyndan, Türkiýeden, Russiýadan, Bolgariýadan, Özbegistandan, Azerbaýjandan we beýleki ýurtlardan elliden gowrak kompaniýalaryň wekilleri işewürlik teklipleri bilen geldiler.

Sergä daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda dünýäniň senagat enjamlarynyň we tehnologiýa işläp taýýarlamalarynyň önümçiliginde iň iri kompaniýalar bar, olar bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň uly tejribesi toplanyldy. Olar “Dragon oil” we “Schlumberger Logelco Inc.” ýaly halkara kompaniýalarydyr. Olaryň gatnaşmagynda uglewodorod serişdeleriniň ýurdumyzdaky örän baý gorlary ýerleşýän ýataklary işläp taýýarlamak, gazyp almak, gaýtadan işlemek işleri alnyp barylýar.

“Şсhneider Elektrik” we “Alstom” (Fransiýa) hyzmatdaşlaryň gatnaşmaklarynda milli elektroenergetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Kosmos tehnologiýalary ulgamynda öňdebaryjy bolan “Thales International” kompaniýasy nawigasiýa howpsuzlyk ulgamlary boýunça toplumlaýyn çözgütleri hödürleýär.

Ýurtlarymyzyň arasynda uzakmöhletleýin esasda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde sergide Fransiýanyň işewürler bileleşiginiň wekilleri Türkmen-fransuz söwda-sanagat edarasynyň sergisinde jemlenildi. (“Sifal”, “Oberthur”, “Airbus Defense & Space”, “Total”).

Bolgar-türkmen senagat-söwda edarasynyň diwarlygy barada hem aýtmak gerek, olaryň agzalarynyň hatarynda dürli ulgamlarda hereket edýän hyzmatdaş kompaniýalaryň 120-ä golaý bellige alyndy. Tehnologiýalary alyşmak, oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek we soňra gaýtadan işlemek, taýýar önümleri Türkmenistana getirmek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi.

Import-eksport ulgamynda ýöriteleşdirilen iri söwda korporasiýalary ýurdumyzda geçirilýän forumlaryň hemişe gatnajylaryna öwrüldiler. Şu gün “Malaysia External Trade Development Corporation”, “Izmir Free Zone” we “Anzali Free Zone organization”, şeýle hem “Brık global” (BAE) kompaniýalary bu sergide öz döwletlerinde wekilçilik edýärler. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmek bilen, söwda korporasiýalary we guramalary serhetüsti hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine we döwletleriň bitewi ählumumy bazara üstünlikli goşulyşmak maksady bilen, hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berýärler.

Türkmen bazarynyň netijeli tehnologiýalary we senagat işläp taýýarlamalaryna ýerli çig mal serişdeleriniň gaýtadan işlenilmegine gönükdirilen önümçilikleri ýola goýmak we enjamlaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde tekliplere barha artýan isleglerini hasaba almak bilen türk we eýran kompaniýalaryndan teklipler gelip gowuşýar, olar bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň tejribesi toplanandyr.

Sergä ilkinji gezek gatnaşýanlaryň hatarynda “Рars khooshe Pardaz Co.” (Eýran) kärhanasy bar, ol biotehnologiýalar – harytlaryň dürli görnüşlerini –çörek önümlerini bişirmek, gurluşyk serişdeleri senagaty hem-de arassalaýjy serişdeler, kagyz senagaty önümçiligi üçin ýörite ýelim goşundylaryň esasynda ürgün önümleri hödürleýär. Elektrik enjamlarynyň, abzallaryň we gurallaryň 1 müň 500-e golaý görnüşini öz içine alýan jemgyýetçilik iýmiti kärhanalaryny abzallaşdyrmak üçin senagat enjamlarynyň toplumlaryny “Еmpero” türk kompaniýasynyň diwarlygy hödürleýär.

Sergi ýangyn howpsuzlygy ulgamynda ýörite enjamlaryň täze işläp taýýarlamalary bilen (Russiýanyň “ООО Чинта”, “TM Trade Limited Co.” kompaniýalary), sowadyjy enjamlar we howany çalyşmak ulgamlary üçin ätiýaçlyk şaýlary (“Aermec s.p.a.”-Italiýa), lukmançylyk barlaghana enjamlary we gurallary (“Medical Kasra Behdis”-Eýran), jorap önümçiligi pudagy üçin enjamlaryň we gurallaryň kämilleşdirilen nusgalary (“Lonati s.p.a.-Italiýa”) bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Sergi meýdançasynyň merkezi bölegi 2017-nji ýylda çykarylan “BMW” kysymly nemes ýeňil awtoulaglarynyň täze nusgalarynyň, şeýle hem Angliýanyň kiçi kuperleriniň (“countryman” we krosseweriň “сlub”) mahabatlandyryş boýunça özboluşly salonyna öwrüldi. “Awtohaus GMBH” hojalyk jemgyýeti enjamlary, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny, olary ulanmak boýunça hyzmatlary hödürleýär. Özbegistandan gelen kompaniýanyň wekili “Daewoo” kysymly “R4” awtoulagyň maşgala üçin niýetlenen nysgasyny hödürleýär.

Ýurdumyzyň “Aýbölek”, “Abraýly önüm”, “Çigildem” kärhanalary öz diwarlyklarynda mebel önümleriniň, öý hojalyk esbaplarynyň köpsanly nusgalaryny görkezýärler. Orta we kiçi telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy netijesinde ýurdumyzda mebel önümçiligi ykdysady işiň geljegi uly we okgunly ösýän ulgamyna öwrüldi. Polatdan we metaldan ýasalan özboluşly gurnamalar, şeýle hem kömekçi hojalyk üçin niýetlenen agaç önümlerini Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň açyk asmanyň astyndaky sergi bölümi görkezýär.

Aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üç gün dowam edýän sergi bilen 2-nji fewrala çenli tanşyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň