Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy

00:4324.01.2018
0
6140

Şu gün Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine badalga berildi. Onuň açylyş dabarasy agşamlyk Mukamlar köşgünde geçirildi. Sahnada Belarusyň döwlet akademiki tans topary, «Kupalinka» folklor topary we «Sýabry» wokal-instrumental ansamly çykyş etdi. Dabara gatnaşanlar meşhur belarus mukamlarynyň ençemesini diňlemäge mümkinçilik aldylar. Şeýle hem Belarusyň telegraf agentligi tarapyndan taýýarlanylan «Belarus — 2017» atly sergi ýaýbaňlandyryldy.

25-nji ýanwarda Döwlet kitaphanasynda iki ýurduň ýazyjylary duşuşar. Onda Döwlet kitaphanasyna «Fransiska Skoriniň kitap mirasy» gowşurylar. 

Şol gün agşam sagat 18-de «Möjekler» atly belarus çeper filmi görkeziler. Medeniýet günleriniň jemleýji konsertinde belarus we türkmen sahna ussatlary bilelikde çykyş ederler. Bu dabara 26-njy ýanwarda geçiriler.

Aşgabadyň Belarusly myhmanlary üçin baý medeni çäreler göz öňünde tutuldy. Türkmen paýtagtynda bolmagyň çäklerinde myhmanlar şäheriň gözel ýerlerine, taryhy ýadygärliklere we muzeýlere baryp görerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň