Ýurdumyzyň futbol çempionatyny 8-nji orunda tamamlan paýtagtymyzyň “Köpetdag” topary öňümizdäki möwsüme taýýarlyk işleriniň ikinji tapgyryny ýoldaşlyk duşuşyklary bilen tamamlady.
“Köpetdag” topary Türkmenbaşy şäherinde ilki “Şagadam” soňra bolsa“Şagadam-2” topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.
Birinji duşuşygynda “Köpetdag” “Şagadamdan” 3:1 hasabynda ýeňildi. Bu duşuşykda “Şagadam” toparynyň düzüminde Röwşen Halmämmedow, Daýanç Orazgulyýew hem-de Begenç Annagurbanow tapawutlandylar. “Köpetdagyň” ýeke-täk topuny Öwezbaý Muhammetmyradow öz adyna ýazdyrdy. Paýtagtymyzyň topary ikinji duşuşygynda “Şagadam 2” toparyndan 3:2 hasabynda üstün çykdy.
Geçen möwsümiň soňky oýunlaryny ýokary derejede geçiren “Köpetdag” topary futbol çempionatymyzda 9 duşuşykda ýeňiş gazanyp, 6 duşuşygy deňlikde tamamlap, 33 utuk toplamagy başardy. Umumylykda 35 topy garşydaşlarynyň derwezesine geçiren paýtagtymyzyň topary 55 topy derwezesinden çykarmaly boldy.