Top.Mail.Ru

Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanan ylmy-usulýet maslahaty geçirildi

14:5711.01.2018
0
27786

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanan ylmy-usulýet maslahaty geçirildi. Bilim we daşary işler ministrlikleriniň gurnan forumyna Milli bilim institutynyň işgärleri, ýokary, umumy orta bilim berýän okuw jaýlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylar, dil merkezleriniň hünärmenleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. 

Tematiki sergide dil bilimi ulgamyndaky ýörelgeler we innowasiýalar görkezildi. Ýörüteleşdirilen dil merkezleriniň we kitap dükanlarynyň tekjelrinde dürli dillerde neşir edilen okuw, çeper, ylmy edebiýatlaryň onlarçasy goýlupdyr. Paýtagtyň hukuk, biznes we tehnologiýalar mekdebi ýörüte edebiýatlaryň ençemesini getiripdir, bu ýerde çagalar hem, ulular hem bilimleriniň üstüni ýetirip, gözýetimini giňeldýärler. Mekdepde diňleýjileriň dil taýýarlygyna aýratyn üns berilýär. Bu babatda türkmen mugallymlary bilen netijeli gatnaşykary ýola goýan Oksford uniwersiteti degerli goldaw berýär. Mekdep dürli dillerdäki okuw we usulýet edebiýatlaryny yzygiderli edinýär. Şeýle hem paýtagtymyzdaky „Älem kitap“ dükany we „Gujurly nesil“ Dil merkezi tanymal britan uniwersitetinden edebiýatlary almagy ýola goýdy. 

Gapdaldaky tekjede Kembrij uniwersitetiniň neşirleriniň Türkmenistandaky resmi distribýuteri „Dalçyn“ ŞK-nyň ýörüteleşdirilen kitaplarynyň tematiki tapgyry goýlupdyr. Bilim merkeziniň ýanynda işleýän kitap dükanynda iňlis dilinde okuw kitaplary, usulýet materiallary, sözlükler, çeper edebiýatlar satylýar. 

Paýtagtymyzdaky Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Magtymguly adyndaky döwlet uniwersiteti, D. Azady adyndaky Milli dünýä dilleri instituty ýaly ýokary okuw mekdepleriniň tekjelerinde köpugurly neşirler goýlup, olar hünär, şol sanda dil taýýarlygynyň ugurlary we özboluşlylygy barada giňişleýin düşünje berýär. 

D.Azady adyndaky TMDDI elektron okuw kitaplarynyň we sözlükleri görkezýär. Bu ýokary okuw mekdebiniň sergi bölegi dil taýýarlygy usulýetleriniň netijeliligine wideoşekil görnüşinde baha bermäge mümkinçilik berýän interaktiw enjam bilen üpjün edilipdir. Bu ýere gelýänler „Dil“ okuw merkeziniň iş ugurlary bilen hem ýakyndan tanyşýarlar, onuň synag maksatnamalary has zehinli talyplara Koreýada ýa-da Ýaponiýada bir ýyllyk dil öwreniş okuwyny geçmäge mümkinçilik berýär. 

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň direktory Baýram Bäşimow topardaky mejlisi açyp, bu ýere gelenleriň ünsüni daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň strategiýasynyň esasy ugurlaryna çekdi. Ýurdumyzyň iň täze we innowasion ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň propektory Myrat Begliýew bu mowzugy dowam etdirdi. 

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, D.Azady adyndaky Milli dünýä dilleri institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, S. Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň, dil merkezleriniň, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden umumy bilim berýän orta we ýörüteleşdirilen mekdepleriniň wekilleriniň çykyşlarynda daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň esasy ugurlary beýan edildi. Hususan-da, halkara gatnaşyklary ulgamynda hünärmenleri taýýýarlamagyň ugurlaryna, bilimiň dürli derejelerinde multimediýa tehnologiýalryny giňden ulanmagyň, mugallymlaryň hünärini we ylmy-usulýet derejesini ýokarlandyrmagyň ugurlaryna deglip geçildi. 

Tejribeli mugallymlar, şol sanda aýratyn zehinli çagalar mekdep - internatynyň mugallymlary çagalarda kommunikatiw endikleri ösdürmäge, özbaşdak bilim almaga we öňbaşçylyk sypatlaryny höweslendirmäge gönükdirilen mugallymçylyk täzeçilik usullary we öz döreden usulýet tejrbeleri barada gürrüň berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň