Soňky habarlar

Arhiw

“Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy

22:3925.12.2017
0
6600

Ýola goýlan asylly däbe görä, ýetip gelýän Täze ýylyň öňýanynda “Döwletliler köşgünde” baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabarada onda terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

Türkmenistanlylaryň ýaş nesli, ýurdumyzyň geljegi baradaky hemmetaraplaýyn alada döwlet Baştutanymyzyň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.Ýurdumyzda körpeleriň bagtyýar çagalygyny üpjün etmek üçin ähli şertler döredildi. Mähirli garalmagyň we yzygiderli aladalar netijesinde, ýaş türkmenistanlylar, şol sanda “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänler öz zehinlerini we ukyplaryny ösdürmek üçin hemme mümkinçilige eýedir. Ýaş zehinler ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän abraýly we halkara festiwallara örän işjeň gatnaşýarlar.

Baýramçylyk görnüşinde bezelen zalda geçirilen uly konsert “Döwletliler köşgünde” Täze ýylyň öňýanyndaky häzirki dabaranyň owadan bezegine öwrüldi. Zalyň merkezinde dürli reňkli bezegler, oýnawaçlar, yşyklar bilen görkana bezelip gurnalan owadan arçanyň töweregine Köşkde terbiýelenýän çagalar we olaryň terbiýeçileri ýygnandylar. Hatarynda baýramçylygy guramaga gatnaşan Bilim, Medeniýet ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň wekilleri bolan köpsanly myhmanlar hem çagalaryň şatlygyny paýlaşdylar.

Meşhur ýerine ýetirijiler, artistler we elbetde, ertekilerdäki söýgüli gahrymanlar çagalaryňkyda myhmançylykda boldular. Däp bolşy ýaly, çykyşlarda Täze ýyl baýramynyň öňýanynda, isleg-arzuwlary hasyl edýän hoşniýetli jadyly Aýazbaba esasy orunda boldy.

“Döwletliler köşgüniň”, “Joşgun” aýdym-saz toparyna gatnaşyjylar, “Ruhubelent çagalar”, “Gyzyl güljagaz” hem-de Çagalar we ýetginjekler köşgüniň “Şatlyk” toparlarynyň ýaşajyk artisleri tomaşaçylary begendirdiler. Baýramçylyk mynasybetli owadan dürli lybaslary geýnen çagalar ýurdumyzyň görnükili estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmegindäki çykyşlar astynda gol tutuşyp şatlanyşyp tans etdiler.

Baş öwredilen haýwanlaryň ajaýyp hereketleri, žonglýorlaryň ünsüňi çekýän çykyşlary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Şowhun” sirk toparynyň şadyýan masgarabazlarynyň şowhunly sahnalary çagalarda aýratyn täsir galdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänler ajaýyp sowgatlar hem-de parahat, bagtyýar çagalyk üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirip, ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli iň oňat päk arzuwlaryny we gutlaglaryny aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň