Soňky habarlar

Arhiw

TÜRKMEN - AMERIKAN BAÝRAMÇYLYK KONSERTI

10:4224.12.2017
0
4048
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bilelikde guramagynda paýtagtymyzyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Türkmen-Amerikan baýramçylyk konserti geçirildi. Konsertde Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň kirişli saz gurallary orkestri, depçiler topary, aýdymçylar ansambly, skripka sazandalarynyň ansambly, alt sazandalarynyň ansambly, kirişli saz gurallary kwineti, wiolonçel sazandalarynyň ansambly, kirişli saz gurallary kwarteti, kirişli saz gurallary orkestri, kamera hory we simfonik orkestri we ABŞ-dan gelen sazandalar dirižýor Eýweri Weýt, konsertmeýster Peter Thoresen, Derek Bekvold, sazanda Mai Ngugen dagylar çykyş etdiler. Türkmen-amerikan sazlary, hor toparynyň ýerine ýetirmeginde amerikan aýdymlar juda täsirli boldy. Çünki bu ýerde iki ýurduň dostana gatnaşyklarynyň netijesi bar. Milli medeniýetiniň, milli sungatynyň özara baglanyşygy bar.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň