Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Prezidentini TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüniň tutulyş dabarasyna çagyrdy

05:5323.12.2017
0
5668

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind bilen telefon arkaly gepleşigi boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki dostlukly döwletleriň baştutanlary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki, ilkinji nobatda bolsa abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki, döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän sebitara, dünýä syýasatynyň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwlet Baştutany Hindistanyň Prezidentini 2018-nji ýylyň fewral aýynyň ikinji ýarymyna meýilleşdirilen çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Olaryň hatarynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüni tutmak dabarasy hem bar, bu çäre türkmen-owgan serhedinde geçiriler, şeýle hem bu ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň düýbüni tutmak we Türkmenistanyň dolulygyna öz serişdeleriniň, maddy-tehniki we işgärler serişdeleriniň hasabyna gurýan Serhetabat – Turgundy demirýoluny ulanmaga bermek dabarasy bar.

Prezident Ram Nath Kowind çakylyk üçin çuňňur hoşallyk bildirip, hindi tarapynyň TOPH taslamasyna, şeýle hem beýleki düzümleýin taslamalara ägirt uly ähmiýet berýändigini, olaryň Owganystanyň ykdysady taýdan tiz galkynmagyna we sebitiň ähli ýurtlarynyň abadançylygyna ýardam etjekdigini belledi.

Hindi lideriniň öňde boljak çärelere gatnaşmagy baradaky mesele diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Taraplar döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, 2015-nji ýylyň iýul aýynda Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň Türkmenistana saparynyň oňa täze itergi berendigini aýtdylar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň