Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Wepaly atly alabaýyň heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy

04:0921.12.2017
0
16462

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji dekabrda Olimpiýa şäherjiginiň çäginde Wepaly alabaýyň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Üç aý mundan ozal Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň esasy şekili bolup, ýurdumyzda guralan sport baýramçylygyna gatnaşmak üçin gelen köpsanly myhmanlary garşylady we ugratdy. Şeýle hem bu şekil türgenleri beýik ýeňişlere ruhlandyrdy. Halkymyzyň we “Aşgabat 2017” Oýunlaryna gelen daşary ýurtly myhmanlaryň hakydasynda dostlugyň baş nyşany hökmünde hemişelik galan bu şekil türkmen topragynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen adamlaryň ýüreklerine mähir çaýdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde guralan dabaralara gatnaşýan körpeler bilen gürrüňdeş bolup, olaryň okuwlary, haýsy hünäri saýlap almagy gowy görýändikleri bilen gyzyklandy. Şeýle hem çagalaryň ähli nurana arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz körpeler bilen bilelikde milli don we telpek geýdirilen, Türkmenistanyň hem-de Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň baýdaklaryny saklap duran Wepalynyň heýkeliniň örtügini açýan ýüpi çekýär. Şeýlelik bilen alabaýyň heýkeli açylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan çagalara täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Körpeleriň haýyşy boýunça milli Liderimiz olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň