Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň we Türkiýäniň sungat ussatlarynyň konserti bilen döredijilik forumy tamamlandy

23:4106.12.2017
0
5270

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy.

Dabarada gadymy doganlyk gatnaşyklaryna eýe bolan türkmen we türk halklarynyň däp bolan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigi bellenildi.

Soňra bilelikdäki dostluk konserti boldy. Onuň maksatnamasyna dost-doganlygy wasp edýän folklor-tans çykyşlary, dünýä we milli nusgawy saz sungatynyň eserleri, häzirkizaman estrada we halk aýdymlary girizildi.

“Mehter” harby-taryhy orkestriň köpöwüşginli çykyşy dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Türkiýäniň Döwlet opera we balet teatrynyň aýdymçylarynyň medeni derejesi has-da ýokary boldy. “Türk dünýäsi” toparynyň artistleri halk aýdym-sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Türkmen aýdymçylarynyň, “Serpaý” folklor toparynyň sazandalarynyň ussatlyklary myhmanlaryň çykyşlary bilen sazlaşykly utgaşdy.

Türkmen we türk halk aýdym-saz ussatlarynyň döredijilik bäsleşigi tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Munuň özi türki halklaryň saz medeniýetine mahsus ýörelgedir. Artistler saz gurallaryna ussatlyk bilen erk edip, özboluşly çeperçilik bileleşiniň üsti bilen ruhy arabaglanyşygy, onuň kuwwatyny we doganlyk halklaryň döwrebap medeniýetiniň, sungatynyň gadymy kökler bilen sazlaşygyny beýan etdiler.

Konserte gatnaşyjylar özboluşly döredijilik alyşygyny ýerine ýetirdiler. Şonda türkmen artistleri türk dilinde, türk aýdymçysy bolsa türkmen dilinde joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler. Tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaýbaňlandyrylan hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni gymmatlyklarynyň hataryna girizilen küştdepdi tansy medeni maksatnamanyň jemini jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň