Walentin Iwanow: “Eminlik etmek baradaky düşünjämi dünýä ýüzünde ýaýmaga çalyşýaryn”

10:1306.12.2017
0
1435

FIFA-nyň eminlik ediş okuw-maslahatyny geçirmek üçin paýtagtymyza gelen FIFA-nyň eminlik ediş boýunça tehniki gözükdirijisi Walentin Iwanow (Russiýa Federasiýasy) bilen geçirilen söhbetdeşlik:

- Hoş gördük. Söhbetdeşlik geçirmäge wagt tapanyňyz üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris.

- Köp sag boluň. Men mundan öň hem Aşgabadyň beýleki sebitdäki ýurtlaryň şäherlerinden arassalygydyr gözelligi bilen tapawutlanýandygyny öň hem eşidipdim. Ýöne eşitmek bir zat, gözüň bilen görmek bolsa düýbünden başga zat. Ak şäheriňiz ajaýyp keşbe bürenipdir. Özi-de diňe bir owadanlygy bilen tapawutlanman, eýsem-de köçeleriňizdäki arassalyk hem meni haýran galdyrdy.

- FIFA-da haýsy ugur boýunça iş alyp barýarsyňyz?

- Umuman men öz başarýan kärim bolan eminlik etmek baradaky düşünjämi dünýä ýüzünde ýaýmaga çalyşýaryn. Köp ýurtda boldum, eminleriň işleýşine baha berip, olaryň has-da kämilleşmegi ugrunda okuw-maslahatlaryny geçirýäris.    

- Aziýada, Okeaniýada, Ýewropada garaz dünýäniň ähli künjeginde diýen ýaly bolup gördüňiz. Şol ýerlerde geçirýän okuw-maslahatlaryňyz biri-birinden tapawutlanýarmy. Her yklymdyr sebit üçin özboluşly taýýarlyk görýärsiňizmi?

- Ýok, ýok beýle zat ýok. Aslynda beýle etmek düýbünden ýalňyş hasaplanýar. Diňe bir ulgam esasynda iş alnyp barylmaly. Şonuň esasynda geçirilen seminarlar takyk netije berýär diýip hasaplaýaryn. Umuman biziň okuw-maslahatlaryny geçirip ýörenimize 10 ýyl töweregi wagt boldy. Biziň esasy maksadymyz islendik yklymda eminlik edýändigine garamazdan, eminleriň ýola goýlan bir ulgam boýunça hereket etmelidiklerini özümiziň esasy maksadymyz edinýäris. Olaryň meýdançadaky hereketlerinden başlap, ylgaýyşlaryna, her bir pursaty näderejede görşi barada hem köp işleri geçirýäris.

- Okuw-maslahatyny geçiren ýerleriňizde zehinli eminleri ýüze çykarmakda hem iş geçirýärsiňizmi? Umuman geçirýän okuw-seminarlaryňyz FIFA-nyň ýokary derejede geçirýän ýaryşlarynda eminlik etmäge mümkinçilik berýärmi?

- Dogry düşüniň, dört-bäş günüň dowamynda zehinli emini ýüze çykarmak örän kyn. Ilki bilen olaryň eminlik ediş derejesine syn etmeli, şondan soň onuň ukyp-başarnygynyň näderejededigini kesgitläp bolar. Okuw-maslahaty geçirmek arkaly biz ýerli eminler bilen gürrüňdeşlik geçirýäris, pikir alyşýarys, jedelli pursatlardan dogry netije çykarmaga synanyşýarys.

-   Okuw-maslahatlaryny  Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerinde hem geçirdiňizmi?

- Aziýa döwletlerinde köp boldum. Ýöne Merkezi Aziýa sebitinde diňe Eýranda eminler bilen iş geçirdim. Bu döwletde eminleriň öz işleýiş tilsimleri bar, Türkmenistanda başga hili. Şonuň üçin biz okuw-maslahatynyň dowamynda beýleki döwletlerde gören-eşiden gowy zatlarymyzy hem baran ýerimizde ornaşdyrmaga synanyşýarys.

- Golaý geljekde amala aşyrmakçy bolýan işleriňiz hakynda durup geçsek?

- Bu barada anyk bir zat aýdyp biljek däl, okuw-maslahatlaryny geçirip ýörenime iki aý dagy boldy. Öňümizde täze ýyl baýramçylygy. Baýramçylygy öýde geçirmekçi bolýan. Täze 2018-nji ýyldan başlap, ýene-de okuw-maslahatlaryny dowam ederis.

- Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň.    

“tff.com.tm”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň