Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Rumyniýanyň Medeniýet günleriň açylyşy boldy

23:5629.11.2017
0
7031

Türkmen paýtagtynda Rumyniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan bu döredijilik çäresi türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň üstünlikli ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde Rumyniýanyň resmi wekiliýeti kabul edildi. Dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen jikme-jik tanyşdyryldy. Medeni we ynsanperwer ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bu syýasatyň möhüm ugrudyr. Şeýle hem muzeý işleri, opera sungaty, rumyn we türkmen dillerine iki halkyň hem-de beýleki halklaryň nusgawy eserlerini terjime etmek ulgamlarynda özara hünär gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

Agşam, paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň binasynda Rumyniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Bu ýere medeniýet ulgamynyň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşlary ýygnandylar.

Dabaraly açylyşda Rumyniýanyň medeniýet we milli meňzeşlik ministrliginiň döwlet sekretary Aleksandr Oprýan ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Dabaranyň ahyrynda Buharestiň Milli opera aýdymçysy Irina Iordakeskunyň we Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestiriniň gatnaşmagynda konsert boldy. 

Irina Iordakesku Aşgabatda guralan çykyşynyň maksatnamasyna dünýäniň nusgawy saz eserlerini girizdi. Onuň ýerine ýetirmeginde saz sungatyny söýýänleriň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýan “Janni Skikki” gülküli operadan Laurettanyň we Jakomo Puçininiň “Turandot” operasyndan Liunyň, şol operadan Alfredo Katalaniniň, Winçenso Bellininiň opera sahna oýnundan Normanyň aýdymlary ýaňlandy. Tomaşaçylar rumyn kompozitory Tiberiu Brediçanunyň halk sazyna el çarpyşdylar.

Rumyn aýdymçy zenanyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan türkmen kompozitory Çary Nurymowyň “Toý aýdymy” türkmenistanly tomaşaçylar üçin özboluşly sowgat boldy.

Öz nobatynda, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestiniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan rumyn kompozitorlarynyň “Rumyn rapsodiýasy № 1” we Jorje Eneskunyň orkestrli skripka üçin “Ballada”, Grigoraş Dinikunyň “Horastakkato”, Ion Iwanowiçiň meşhur “Dunaý tolkunlary”” walsy we dünýäde iň meşhur we belli rumyn mukamlarynyň biri “Rumyn halk tansy “Doýna” saz eserleri biziň myhmanlarymyz üçin ýakymly sowgat boldy. Türkmen saz medeniýetiniň eserleri hem konsert maksatnamasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Aýdym-sazly agşamyň ahyrynda Irina Iordakesku rumyn kompozitory Jorje Grigoriunyň “Dunaý tolkunlary” operettasyndan “Mukam” atly meşhur aýdymy ýerine ýetirdi.

Rumyniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Mukamlar köşgüniň eýwanynda dostlukly ýurduň iri muzeý toplumy – Rumyniýanyň taryhynyň Milli muzeýiniň eksponatlaryndan düzülen fotosuratlaryň sergisi açyldy, bu muzeýde iň gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli taryhy gymmatlyklary öz içine alýan muzeý gymmatlyklary saklanýar. Şeýle hem bu muzeýde dünýäniň iň gymmatly arheologiýa tapyndylarynyň toplumlary yzygiderli görkezilýär.

Fotosuratlarda Milli hazynanyň zalynyň eksponatlary: patyşalaryň gymmat bahaly zatlary görkezilýär, olar rumyn patyşalaryna degişli bolan XIV asyryň gymmatly şaý-sepleridir. Fotosuratlaryň bir bölümi neolit we paleolit eýýamyna degişli taryhy gymmatlyklardan ybaratdyr.

Ertir Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Rumyniýanyň amaly-haşam sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyrylar, “Aşgabat” kinokonsert merkezinde rumyn kinematograflarynyň dürli ýyllarda döreden kionfilmleri görkeziler, şeýle hem dostlukly ýurduň Medeniýet günleriniň maksatnamasyna girizilen beýleki çäreler guralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň