Soňky habarlar

Arhiw

Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda täze sahna eserleriniň ikisi tomaşaçylara ýetirildi

13:5024.11.2017
0
4440

Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary «Görogly» şadessanynyň «Harmandäli» şahasy boýunça ýazyjy, dramaturg Jamma Meredowyň «Aşyk Aýdyň pir» atly epiki drama eseri esasynda sahnalaşdyrylan täze spektakly tomaşaçylara görkezdi. Ýeri gelende bellesek, bu spektakl mundan çärýek asyr öň hem tomaşaçylara hödürlenipdi. Eseriň gaýtadan sahnalaşdyrylmagynyň esasy maksady ösüp gelýän ýaş nesillerimizi geçmiş-taryhymyzda gujur-gaýraty, pähim-parasaty bilen öçmejek yz galdyran taryhy şahsyýetlerimiziň nurana keşpleri, bitiren bimöçber işleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Aşyk Aýdyň piriň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Meretdurdy Seýitow, Röwşen sopynyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Pirnepes Hojanepesow, Kerem oglanyň keşbini zehinli artist Rahmanberdi Kakaýew hem-de Harmandäliniň keşbini Maýsa Nazarowa dagy janlandyrdy.

Sahnanyň bezeg işlerini ýerine ýetiren Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, suratkeş Bazar Kubikow, saz bilen bezänler bolsa Myrat Gulow bilen Meýlis Nuryýew. Bu ussatlaryň spektaklyň has ýatda galyjy bolmagy üçin ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmandyklary görünýär. Spektaklda Aýsoltan Sapargylyjowanyň goýan tanslary köpöwüşginliligi bilen tapawutlanyp, täze sahna eserine özboluşly bezeg berdi. «Aşyk Aýdyň pir» atly spektakl tomaşaçylarda ajaýyp täsir galdyrdy.

***

Şeýle hem bu teatryň sahnasynda dramaturg Myrat Ömüriň «Soltan Jelaleddin» atly dramasy esasynda sahnalaşdyrylan täze spektakl tomaşaçylar üçin özboluşly sowgat boldy. Režissýor Guwanç Baýnepesowyň sahnalaşdyran spektaklynda taryhyň sahypalarynda öçmejek yz galdyran Soltan Jelaleddiniň merdana keşbi arkaly ata Watanyňa, ene topragyňa bolan päk söýgi beýan edilýär. Spektaklda keşpleri döredýän artistleriň ussatlygynyň we ukyp-başarnygynyň ýerine düşendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Taryhy eseriň baş gahrymany Soltan Jelaleddiniň keşbini zehinli artist Bekmyrat Hallyýew, Muhammet Şanyň keşbini bolsa Tirkeş Garlyýew ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle-de, spektaklda Meretdurdy Seýitow, Şeýdabeg Saryýew, Halmyrat Şyhyýew, Oguldurdy Arazweliýewa ýaly zehinli artistler özlerine ynanylan dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň keşplerini uly ussatlyk bilen janlandyrmagy başardylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň