Soňky habarlar

Archive news

Türkmenistanyň Prezidenti UNKTAD-yň Baş sekretaryny kabul etdi

08:4515.11.2017
0
454
Türkmenistanyň Prezidenti UNKTAD-yň Baş sekretaryny kabul etdi

14-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň Baş sekretary jenap Muhisa Kituýini kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar. ÝUNKTAD-nyň Baş sekretarynyň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan we milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler netijesinde hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Muhisa Kituýi gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine çuňňur gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, ägirt uly tebigy baýlyklara, nebitiň we gazyň bimöçber gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň ýurdy senagatlaşdyrmak maksatnamasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikler gazanýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, düýn ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama gol çekilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Hususan-da, şol resminamada maýa goýumlary höweslendirmek, gümrük gullugyny hem-de ulag we aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi bilen baglanyşykly meseleleriň öwrenilmegine goldaw bermek ýaly möhüm üç ugur kesgitlenildi.

Owganystan boýunça Aşgabatda geçirilýän 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň goňşy ýurduň ykdysadyýetiniň giňeldilmegine ägirt uly goldaw berýändigi, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy üçin maýa goýum serişdelerini gönükdirýändigi bellenildi. Şeýle hem owgan ýaşlaryny okatmak we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatda hem ägirt uly goldaw berilýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we ÝUNKTAD-nyň Baş sekretary Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan hem-da ählumumy abadançylyga we gülläp ösüşe ýardam bermegi baş maksat edinýän netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etjekdigine ynam bildirdiler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň