Soňky habarlar

Arhiw

"Turkmenportalyň" söhbetdeşleri «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahatyna gatnaşyjylar

21:1503.11.2017
0
3889

Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty geçirildi. Däbe öwrülen bu çäre bu gezek has uly ähmiýete eýe boldy. Çünki merjen Awaza halkara serginiň we maslahatyň nobatdakysyna «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylyň öňüsyrasynda gujak açdy. Şanly ýyly garşylama taýýarlyk görýän Watanymyz, şeýlelikde, dünýä syýahatçylygynyň nazaryny ýene bir gezek özünde egledi.

Halkara çärä gatnaşan daşary ýurtly myhmanlar onuň ähmiýeti dogrusynda, ine, şeýle gürrüň berdiler:

Gülzada ÝEGIMBAÝEWA,

«Wiktoria Tour» kompaniýasynyň GDA boýunça wekili:

         — Biziň kompaniýamyzyň merkezi edarasy Wýetnamda ýerleşýär. Wýetnam, Gündogar Aziýanyň, gürrüňsiz, iň owadan ýurtlarynyň  biri. Şonuň üçin hem ýyldan-ýyla bu ýurda gelýän jahankeşdeleriň sany artmak bilen. Kompaniýamyz syýahatçylary kabul etmek, olara iň gowy hyzmatlary hödürlemek we Wýetnam, Tailand ýaly döwletlerden daşary ýurtlara syýahatçylary ugratmak ýaly işleri alyp barýarys. Türkmenistanly syýahatçylaryň hem birnäçesi kompaniýanyň hyzmatlaryndan peýdalandylar.

         Awazada geçirilýän maslahatda men Wýetnam, Kambojiýa, Laos we Mýanma döwletlerine wekilçilik edýärin. Bize şeýle iri derejeli maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetine hoşallyk bildirýäris. Biz Awazada gurlan syýahatçylyk sergisinde kompaniýamyzyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrýarys. Şeýle çäreler ýurtlaryň arasynda syýahatçylyk babatda gatnaşyklaryň ösmeginde uly ähmiýete eýedir. Biz şu gezek hem täze gepleşikleriň, hyzmatdaşlyklaryň binýadynyň tutuljakdygyna ynanýarys.

         Men Türkmenistan, Aşgabat we Awaza barada kän zady bilýän hem bolsam, bu ajaýyp ýurda birinji gezek gelip görýärin. Awaza gaýtmankak, owadan Aşgabat bilen tanyşmaga mümkinçilik döredi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bolsa ertekilerdäki merjen şäheri ýadyňa salýar. Men syýahatçylyk pudagynyň hünärmeni hökmünde bu ajaýyp künjegiň ýakyn geljekde dünýäniň iň meşhur syýahatçylyk merkezleriniň birine öwrüljekdigine berk ynanýaryn. Gözel kenarda dowam edýän maslahatyň we serginiň işine-de üstünlik arzuw edýärin.

Swetlana Ýungmanowa,

«Helena Jungmanova — travel agency astra» kompaniýasynyň menejeri:

— Men Türkmenistana ýoldaşym hem-de kompaniýadaky kärdeşim Milan Ýungman bilen geldim. Biz bu maslahata we sergä «Dünýä syýahat» hususy kärhanasynyň çakylygy bilen gatnaşýarys. Bu  Özümize şeýle ýokary derejeli çärä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna çäksiz hoşallyk bildirýäris.

Kompaniýamyz Çehiýanyň Karlowar ülkesinde ýerleşýär. Ol ýurduň Germaniýa bilen araçäginde ýerleşýän ülkedir.  Karlowy Wary şäheri bolsa diňe bir bu ülkede däl, eýsem, tutuş ýurtda iň gözel tebigata eýe şäherleriň biri. Biziň esasy işimiz şähere we tutuş Karlowara gelýän daşary ýurtly myhmanlara syýahatçylyk hyzmatlaryny etmekden ybarat. Geçen ýyllaryň içinde türkmenistanly syýahatçylaryň hem birnäçesi biziň myhmanlarymyz boldular.

Karlowary Wary — şypahana şäheri. Şonuň üçin hem onuň myhmany mydama ýetik. Şäherde biziň kompaniýamyzyň hususy myhmanhanalarynyň ikisi bar. Olaryň her haýsy aýratyn ugurlara gönükdirilendir. Aşgabatda we Awazada bolmak bilen, biz bu ýerlerde öz şäherimize çalymdaşlyklaryň birnäçesine gabat geldik. Türkmen paýtagty Aşgabat hem, Awaza hem iň ýakyn geljekde tutuş Aziýanyň iň owadan künjekleriniň hataryna goşulyp biler. Olar häzir hem ajaýyp.

Türkmen topragynda geçirilýän maslahat we onuň bilen ugurdaş sergi bize hyzmatdaşlyklaryň täze mümkinçiliklerini salgy berýär. «Seýrana» myhmanhanasynda gurnan sergimize gyzyklanma diýseň uly boldy. Onda Çehiýanyň aýratynlyklary şöhlelendirildi.

Biz bu uly çärä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna, hususan-da, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine ýene bir ýola çäksiz hoşallyk bildirýäris. Türkmenistan — Çehiýa gatnaşyklaryna syýahatçylyk arkaly goşant goşup bilsek, bu biziň işimiziň iň uly miwesi bolardy.

Nematinik HOSSEIN,

Eýran Yslam Respublikasynyň «Fardis Parvaz» syýahatçylyk kärhanasynyň ýolbaşçysy:

— Goňşy döwletimizde Türkmenistanda geçirilýän syýahatçylyk maslahatyna we sergisine gatnaşmak biziň üçin belent mertebe. Bu çärä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik, bize ýollanan çakylyk üçin «Riwaç-AB» hususy kärhanasyna öz hoşallygymyzy bildirýäris.

Biz syýahatçylyk babatynda türkmenistanly kärdeşlerimiz bilen köp ýyllaryň dowamynda işleşip gelýäris. «Rowaç-AB» hususy kärhanasy bolsa biziň esasy hyzmatdaşlarymyzyň biri. Biziň hyzmatdaşlyklarymyz, esasan, Eýrana we Türkmenistana syýahatçylary ugratmakdan hem-de bu döwletlerden gelýän syýahatçylary kabul edip, olar üçin iň gowy hyzmatlary ýola goýmakdan ybarat.

Eýranly syýahatçylaryň arasynda Türkmenistana gyzyklanma diýseň uly. Çünki eýran halky Türkmenistanyň okgunly ösüşlerine goňşy hem ýakyn dost hökmünde tüýs ýürekden guwanýar. Şu maslahata gatnaşmak arkaly bize «Awaza» milli-syýahatçylyk zolagy bilen ýakyndan tanyşmak mümkinçiligi döredi. Biz Türkmenistan bilen bir deňizden peýdalanýarys. Kenarýaka syýahatçlyk merkezleri bolsa häzirki zaman syýahatçylygynda ünsi özüne iň kän çekýän ugurlaryň biri. Diýmek, geljekde Eýranyň we Türkmenistanyň kenarýaka syýahatçylyk merkezleriniň arasynda hem ýakyn gatnaşygy ýola goýup bolar. Bu babatda biz türkmenistanly kärdeşlerimiz, hyzmatdaşlarymyz bilen pikir alşyp durmaga hemişe taýýar.

Iki günläp dowam edýän maslahat bu çärä gatnaşýan daşary ýurtly kärdeşlerimize mümkinçilikleriň täze tapgyryny bagyşlady. Sergi arkaly biz dünýä syýahatçlygynyň ýeten derejesi bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldyk. Şeýle halkara çärä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hoşallyk bildirýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň