Türkmenistanyň DHÇMB-niň geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 56 million dollaryndan gowrak boldy

10:4322.10.2017
0
282
Türkmenistanyň DHÇMB-niň geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 56 million dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan we başga ýurtlardan gelen telekeçiler awtoulag benzinini, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen parafin gaçy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna dokma senagatynyň dürli görnüşli önümlerini, maşyngurluşyk enjamlary, nah ýüplük we matalar, pagta süýümi, buýan köki, arassalanan nah ýüplük galyndylary ýerlenildi. Olary Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Belarusdan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 56 million dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 523 müň manatdan gowrak azyklyk bugdaýy, pagta lintini we ulýugy satyn aldylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň