Arhiw

Jemagat hojalygy ýyladyş möwsümine taýýarlanýar

04:1102.10.2017
0
3406

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy edaralary 2017-2018-nji ýyllaryň ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýilnamalaýyn çäreleri geçirýär.

Gyş möwsüminde ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işledilmegi üçin ýyladyş toplumlary düýpli abatlanyldy. Ýöriteleşdirilen tehnika taýýarlanyldy, degişli gulluklar zerur enjamlar we ulaglar bilen üpjün edildi.

Jemagat gulluklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýylylyk üpjünçilik ulgamlary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň